JEMGYÝET

Dünýädäki iň agyr kädini ösdürip ýetişdirdi

Italiýanyň oba hojalyk fermalarynyň birinde dünýäniň iň agyr we iň uly kädisi ösdürilip ýetişdirildi. Bu bakja önüminiň agramy 1226 kilograma deňdir. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynda hem bellenilip geçilýär.

Italiýanyň Toskana şäheriniň Radda-in-Kýanti kommunasyndan Stefano Kutrupi 2008-nji ýyldan bäri dürli ululykdaky we ölçegdäki kädileri ösdürip ýetişdirýär. Ol özüniň bu gezekki rekordyny Peççoli şäherindäki kädileriň festiwalynda görkezdi.

Ägirt uly kädi atlantik ägitleri sortuna degşlidir. Italiýaly kädiniň bu sortunyň tohumyny mart aýynda ekýär, iýul aýynda onuň has uly göwrüme eýe boljakdygyna göz ýetirip başlapdyr. Şeýlelikde, onuň ýetişdiren kädisi dünýä rekordyna eýe boldy. Italiýaly oba hojalykçysy kädiniň agramyny haçan-da festiwalyň çäklerinde terezide çekilen wagty bilip galdy.

Kädiniň agramyny deňeşdirmeli bolanyňda, ol Ýaponiýanyň az litrli “Nissan Micra” awtoulagyndan hem agyrdyr. Şeýle hem ol 17,5 sany uly ýaşly erkek adamynyň agramyna deňdir.

Kutrupi festiwalda birinji basgançaga çykdy. Ikinji we üçünji orunlary bolsa, degişlilikde 978,99 we 794,51 kilogram agramdaky kädileri ösdürip ýetişdiren oba hojalykçylary eýeledi.

Mundan ozalky rekord belgiýaly Mattias Willemeýnsa degişlidir. Ol 2016-njy ýylda 1190,49 kilogram agramynda kädi ýetişdiripdi.

28 ýyl mundan ozal Ýewropa Bileleşigi döredildi

Ýene-de okaň

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri