Kitap adamzat durmuşynyň deňsiz-taýsyz gymmatlygy, gaýtalanmajak oýlap tapmasydyr. Biziň ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýupdyrlar. Muny biziň nusgawy edebiýatymyzyň naýbaşy eserleriniň üsti bilen hem aýdyň görüp bilýäris. Kitaba bolan hormat diňe bir biziň türkmen halkymyzda bolman, eýsem ol dünýäniň ähli künjeginde ähli halklar tarapyndan aýratyn sarpalanýan gymmatlyklaryň hataryna girýändir.
Täze, 2025-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň jemlenmegi bilen baglylykda, “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyz we giň okyjylar köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Täze ýylyň ilkinji günlerinden täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralaryna badalga berildi.
Täze kitabyň ilkinji sahypalarynda Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygyrlary ýerleşdirilipdir. Kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle-de akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, pähim-paýhasly şygyrlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygara beslenen 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilen halkara çäreler barada söhbet edilýär. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň halkymyza sowgat eden nobatdaky kitaby ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir.
Kitabyň mazmuny “Magtymgula düşünmegiň açary”, “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary”, “Pähim-paýhas ummany”, “Parahatçylygyň şahyry”, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry”, “Halk ýadyndan aýrylma”, “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar” we “Hakyň hem hakykatyň ýolunda” atly bölümleriň sekizisinde beýan edilýär. Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde — türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli eserleriniň suratlary-da ýerleşdirilip, kitap owadan fotosuratlar bilen hem bezelipdir.
Magtymguly Pyragy ýiti parasatyň, çuňňur paýhasyň, ötgür sözüň gudraty bilen dünýä edebiýat äleminde ady arşa göterilen beýik akyldar şahyrdyr. Söz ussadynyň belent mertebesi, oňa bolan hormat – sylag diňe bir türkmeniň däl, eýsem, ynsan nesliniň kalbynyň töründe baky orun tutdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülmegi ugrunda asyrlara ýaň saljak işler durmuşa geçirildi. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şahyryň şygyrlarynda güneşli Diýarymyzyň dürli künjekleri we dünýä ýurtlary barada aýdylan sözleriň manysyna içgin aralaşanyňda, onuň syýahat eden ýerleriniň ilatyna iňňän ýokary sarpa goýandygyna magat göz ýetirýärsiň.
Magtymguly Pyragynyň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen pelsepe-parasaty, pikir-garaýyşlary täze taryhy döwrümizde halkymyzyň köpasyrlyk durmuş taglymy hökmünde dünýäde ykrar edildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda: “Magtymgulynyň edebi mekdebini dowam etdirijiler, akyldar şahyryň çeper keşbini öz eserlerinde beýan edijiler bilen birlikde, dana Pyragynyň ylmy-edebi mirasyny öwrenijiler hem aýratyn ýatlanylmaga mynasyp. Aslynda, her bir türkmen magtymgulyşynasdyr. Her bir türkmen ömrüniň dowamynda Magtymgula düşünmäge çalyşýar. Magtymgulynyň sözleri, öwüt-ündewleri bilen ýaşaýar” diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby türkmen halkynyň ajaýyp oglunyň, şahyrynyň we akyldarynyň baý edebi mirasyna akyl ýetirmegiň açarydyr.
Merjen Babaýewa,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersitetiniň mugallymy.