JEMGYÝET

Döwürleýin neşirlere diňe pensionerler ýazylyp bilýärler

Kagyz görnüşindäki gazetleriň we žurnallaryň döwri kem-kemden geçmişe öwrülip barýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistandaky gazet-žurnallary abunaçylar elektron görnüşinde okap başlarlar.  Kagyz görnüşindäki gazet-žurnallara bolsa diňe pensionerler ýazylyp bilýär. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Ýurdumyzyň poçta bölümlerinde gazet we žurnallar üçin 2021-nji ýylyň birinji ýarymy üçin abuna işi alnyp barylýar. 1-nji ýanwardan döwürleýin neşirler elektron görnüşinde bolar. Ýarym ýyllygyň bahasy 60 manat. Abunaçy bu pul möçberini töläp,  ýurdumyzda çap edilýän ähli gazet we žurnallary okap biler. Bu toplumyň içinde 21 gazet we 8 žurnal ýerleşdirilipdir.

Adaty kagyz görnüşindäki gazet we žurnallara bolsa diňe pensionerler ýazylyp bilerler. Bu öz-özünden düşnükli. Ýaşuly nesliň wekilleriniň agramly bölegi kompýuter we sanly tehnologiýalary özleşdirmekde belli bir kynçylyklary başdan geçirýärler. Meselem, “Türkmenistan” ýa-da “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetleriniň 6 aýynyň bahasy 18 manat. Pensionerler gazet ýa-da žurnallara ýazylmak üçin poçta bölümlerine pensiýa şahadatnamasy bilen barmalydyrlar.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy