SPORT

Döwletjan Ýagşymyradowyň ýene-de bir tutluşygy galdy

Bilşimiz ýaly, başa-baş göreş boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylda “Bellator” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şol şertnamanyň çäklerinde ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow birnäçe tutluşyklara çykdy.

“Bellator” bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, türkmen türgeni üçin nobatdaky tutluşyk soňky tutluşyk bolar. Şondan soňra ol “Bellator” bilen täze şertnama baglaşar ýa-da başga kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk eder.

Bu barada Döwletjan “MMATIKA” kanalyna beren söhbetdeşliginde belläp geçdi.

– Maňa menejerlerim ýene-de bir tutluşygymyň galandygyny aýtdylar. Seniň ýeňiş gazanmagyň gerek. Bary şu. Soňra şertnamany täzelemek ýa-da başga hyzmatdaşlyk bilen işleşmek barada tekliplere serederis – diýip, Ýagşymyradow belläp geçdi.

Ýagşymyardow indiki tutluşygyny ozalky ýarym agyr agramda “UFC” çempiony Lioto Maçido bilen geçirmek isleýär.

Döwletjan Ýagşymyradow “Bellator” bilen 2020-nji ýylyň dekabr aýynda şertnama baglaşdy. Ol bu kompaniýanyň gurnamagynda 3 tutluşyga çykdy. Olaryň 2-sinde ýeňlen Ýagşymyradow soňky tutluşygyny Rafael Karwalýony ýeňip, uly üstünlik gazanypdy.

Döwletjan Ýagşymyradow häzirki wagtda 19 ýeňiş gazanyp, 7 tutluşykda ýeňildi we 1 tutluşygy deňme-deň tamamlady.

Ýeri gelende aýtsak, Döwletjan Ýagşymyradow ACA-da (Absolute Championship Akhmat) bäsleşen we çempion bolan ilkinji türkmenistanly pälwandyr.

Şu ýerde ýene-de bellemek islesek, Döwletjan Ýagşymyradowyň şu ýylyň 16-njy aprelindäki “Bellator MMA” ýaryşynyň çäklerindäki Rafael Karwalýo bilen geçiren tutluşygynda gazanan ýeňşini www.atavatan-türkmenistan.com internet saýty hökmünde ilkinji bolup, janköýerlere we okyjylara ýetiripdik.

 

Ilçi Lýusia Uaýld: 2022-nji ýyl Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda möhüm sene

Ýene-de okaň

Er-Riýadda boks gijesi: rus boksçylaryň çempionlyk tutluşygy

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” topary wagtyndan öň TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

Messi 2025-nji ýyldaky ilkinji resmi goluny geçirdi

Gwardiola: Husanow geljekde güýçli futbolçy bolar

Luis Dias “Barselonada” oýnamak isleýär