SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky ýeňşini gazandy

Söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradow hem-de sloweniýaly Ýakob Nedo 13-nji aprele geçilýän gije «PFL-iň» regulýar möwsüminiň ikinji ýaryşynda duşuşdylar. Duşuşyk ýarym agyr agramda geçdi.

Las-Wegasyň (ABŞ, Newada ştaty) «The Theater at Virgin Hotels» arenasynda geçirilen ýaryşda türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň nobatdaky ýeňşini baýram etdi. Ol slowen garşydaşyny tekniki nokaut bilen ýeňmegi başardy we ilkinji 6 utugyny gazandy.

Şeýlelikde, 34 ýaşyndaky türkmen pälwany özüniň professional karýerasyndaky 4-nji ýeňşini, «PFL-iň» regulýar ýaryşyndaky ilkinji ýeňşini baýram etdi.

Döwletjan Ýagşymyradow — 34 ýaş, rekordy — 21-7-1, esasy meşgullanyp başlan görnüşi — karate, Russiýa Federasiýasynyň «АСА» promouşeniniň çempiony we şol derejesini iki gezek goramagy başaran, ýokary derejedäki urgy tehnikasy bilen tapawutlanýar. Boýy: 180 sm.

Pälwan häzir yzygiderli üç ýeňşe eýelik edýär we «Bellator» bilen birleşdirilen guramada — «RFL-de» ilkinji tutluşygyny geçirýär.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady