SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow iň güýçli türgenleriň sanawynda

Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow häzirki wagtda çykyş edýän “Bellator” ýaryşynyň çäklerinde ýarym agyr agramda türgenleriň sanawynda öz ornuny ýokarlandyrdy. Bu ýaryşyň resmi saýtynda bellenilip geçilişi ýaly, türkmen türgeni sanawda 6-njy orundan 5-nji orna geçdi.

Döwletjan Ýagşymyradowyň gatnaşýan agramynda birinji orny russiýaly türgen Wadim Nemkow eýeleýär. Ikinji orunda bolsa, amerikaly Kori Anderson barýar. Bu türgen bilen Döwletjan Ýagşymyradow hem tutluşyk geçiripdi. Üçünji orny hem ýene-de amerikaly türgen Fil Dewis eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, 7-nji oktýabrdan 8-nji oktýabra geçne gije türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow “Bellator” ýaryşynyň çäginde nobatdaky tutuluşygyna çykypdy. Ol bu tutluşykda polşaly Maseý Ružanskini ýeňdi.

Emin agzalarynyň biragyzdan çykaran karary esasynda bu tutluşykda ýeňiş gazanan türkmen türgeniniň pul baýragy 100 müň dollara deň boldy.

33 ýaşyndaky Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylda “Bellator” ýaryş gurnaýjy kompaniýasy bilen şertnama baglaşypdy. Ol bu ýaryşyň çäklerinde 3 tutluşyk geçirdi.

21 gezek ýeňiş gazanan Döwletjan Ýagşymyradow häzirki wagtda ata Watanymyza dolanyp geldi. Ol hem 14-15-nji oktýabrda Arkadag şäherinde geçiriljek halkara kinofestiwalyna gatnaşar.

Ýene-de okaň

Özbek futbolçy Eldor Şomurodow Türkiýede oýnar

Ata Watan Eserleri

Özbegistan bilen Azerbaýjan futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýär

Gülbadam Babamyradowanyň tälim beren türgeni Aziýa Kubogynda bürünç medal gazandy

Türkmenistan ilkinji gezek FIDE zenanlar dünýä küşt kubogynda wekilçilik edýär

Niko Uilýams “Atletiko” toparynda 10 ýyl galýar

Türkmenistanyň «CAFA Nations Cup-2025» halkara ýaryşyndaky garşydaşlary belli boldy