JEMGYÝET

Döwlet ýolbaşçylaryna berk käýinç we käýinç yglan edildi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň käbir ýolbaşçylaryna garamagynda pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndaky işleriň gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç we käýinç yglan edildi.

Türkmenistanyň gol çeken Buýruklaryna laýyklykda:

  • Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagynda pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Abdrahmanow Şahyma käýinç yglan edildi.
  • Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin maliýe we ykdysadyýet ministri Serdarow Muhammetgeldi Nurgeldiýewiçe käýinç yglan edildi.
  • Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagynda edara-kärhanalaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Amanow Batyr Amangeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
  • Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin  “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe käýinç yglan edildi.
  • Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Annamämmedow Baýmyrat Ilmyradowiçe käýinç yglan edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda,  wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagynda edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin baş prokuror Atdaýew Batyr Taganowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

 

Hawi “Barselona” tälimçi bolup dolandy

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi