BIZNES

Döwlet eýeçiligine degişli 48 desga hususylaşdyrylýar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligine degişli 48 desganyň hususy taraplara bäsleşik esasynda satylýandygyny mälim edýär. Bu boýunça degişli bildiriş resmi metbugatda şu gün çap edildi.

Bäsleşikli söwda çykarylýan desglaryň hatarynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysadyýet ministrligine, Oba hojalyk ministrligine, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine, “Türkmenawoulaglary” agentligine, Aşgabat şäher, Daşoguz, Lebap, Mary we Balkan welaýat häkimliklerine, “Türkmenbaşy” banka, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak boýunça döwlet agentligine, “Türkmenhaly” döwlet birleşigine, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli desgalar bar.

Bäsleşikli söwda 20-nji sentýabrda sagat 10:00-da sanly ulgam arkaly geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak isleýän taraplaryň arzalary bäsleşigiň geçirilýän wagtyna çenli 24 sagat galýança kabul edilýär. Desgalary satyn almak boýunça geňeşmeler Aşgabat şäherindäki Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilýär.

Telefon belgileri:

Aşgabat şäheri: (+993 12) 92-12-97/92-11-34, 39-46-09/63/69
Änew şäheri: (+993 137) 3-30-21/3-31-80
Balkanabat şäheri: (+993 222) 7-89-34/7-89-17/7-89-53

Daşoguz şäheri: (+993 322) 9-10-19/9-15-10
Türkmenabat şäheri: (+993 422) 6-11-52/6-11-59
Mary şäheri: (+993 522) 6-06-87/6-05-41

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder