Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan Türkmenistanyň daşary syýasaty bu gün ösüş depgini, täzeçil çemeleşmeleri, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy bilen tapawutlanýar. Halkara başlangyçlar we oňyn özgertmeler Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna çykarmaga, halkara gatnaşyklary ulgamynda onuň mynasyp ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwrebap üstaşyr ulag-logistika düzümini döretmek hem-de ulag-kommunikasiýalar ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine däl, eýsem, tutuş sebitiň ösüşine hem kuwwatly itergi berýär.
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara möçberinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar. Ak mermerli gözel Aşgabadymyz ylalaşdyryjy merkez, dürli ugurlar boýunça ençeme halkara duşuşyklaryň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzda halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlar, forumlar yzygiderli geçirilýär.
Şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi bellenilýän ýylymyzyň taryhy wakasyna öwrüljekdigini bellemek örän buýsançly.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahaty möhüm ähmiýete eýedir. Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, hyzmatdaşlygy berkitmege wajyp ähmiýet berýär.
Şonuň netijesinde 2022-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatyň geçirilendigini buýsanç bilen bellemek bolar. Şol maslahatyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa we Günbatara üstaşyr geçelgeleriň hyzmatyndan peýdalanmak mümkinçiligi beýan edildi.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guraljak hususy pudagyň forumy hem ýurdumyzyň kiçi we orta işewürliginiň eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, onuň dünýäniň üpjünçilik ulgamyna goşulyşmagy üçin ajaýyp meýdançany hödürlär. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde telekeçilik işiniň möhüm ähmiýetine göz ýetirmek bilen, forumyň guramaçylary geografik ýerleşiş bilen bagly meseleleri ýeňip geçmekde onuň ähmiýetli ornuna üns berýärler.
Maslahatyň çäklerinde telekeçilik, maýa goýumlary çekmek, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerine bagyşlanan ýöriteleşdirilen mejlisler we çäreler guralar. Türkmen telekeçileri öz taslamalary bilen tanyşdyrmaga, daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik alarlar. Munuň özi özara bähbitli ylalaşyklary baglaşmak we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döreder.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guraljak maslahat ýurdumyzyň hususy pudagy bilen halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, maliýe we maýa goýum düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatda-da täze gözýetimleri açar. Häzirki wagtda telekeçiligi, eksport mümkinçiliklerini ösdürmäge we daşary ýurt maýalaryny çekmäge gönükdirilen taslamalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahaty ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlygyň çäginde ýurdumyzyň telekeçileri öňdebaryjy bilimlere, tehnologiýalara, iň gowy dünýä tejribelerine elýeterliligi gazanýarlar.
Hawa, gojaman Hazaryň türkmen kenarynda bäş günläp dowam etjek halkara maslahatda dünýä ähmiýetli iň wajyp meseleleriň çözgüdi öz beýanyny tapar. Ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary», Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, parlament hem-de ýaşlar forumlary, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň forumlary, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy, arabaglanyşyk boýunça çäre, şeýle-de ýurdumyz tarapyndan guraljak ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly çäreler, guraljak tematik sergiler mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň, ony çuňlaşdyrmagyň täze, has anyk ugurlaryny ýüze çykarsa, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri we onuň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklara täzeçe itergi berip, halklary we ýurtlary biri-birine ýakynlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.
Goý, berkarar Watanymyzy dost-doganlygyň mekanyna öwren we onuň halkara abraýyny has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, badalga berýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Jennet Berdimyradowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.