BIZNES

Dokma pudagyna daşary ýurt maýalary çekiler

Ýurdumyzyň dokma pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek göz öňünde tutulýar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Milli Liderimiziň Italiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde hem-de Birinji Hazar Ykdysady forumyň barşyndan gol çekilen şartnamalar we ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Şol ylalaşyklaryň hatarynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Cormatex” kompaniýasynyň arasynda dokma pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama bar.  Resminama laýyklykda, Baýramalynyň dokma toplumynyň hem-de Daşogzuň pagta egirme fabriginiň binýadynda birnäçe önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen hünärmenleri tarapyndan dokma kärhanalary döwrebaplaşdyrylar, täze önümçilikleriň enjamlaşdyrylyşy bolsa “Cormatex” kompaniýasy tarapyndan üpjün ediler.

Dokma pudagynda milli nyşanlar döredilýär

Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassa dokma önümleri ýerli we daşary ýurtly sarp edijiler tarapyndan ýokary islegden peýdalanýar. Dokma senagatynyň hünärmenleri tarapyndan milli nyşanlary döretmek babatda işler alnyp barylýar. Bu barada hem geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Hususan-da “Bedew” nyşanly jyns önümleri, “Bürgüt” nyşanly sport egin-eşikleri, “Gala” nyşanly tikin we örme önümleri, “Ýeňiş” nyşanly erkek köýnekleri giň meşhurlyga eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, “Goza” we “Wada” nyşanly harytlaryň önümçiligini we satylyşyny ýokarlandyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem çagalara we uly ýaşly adamlara güýz pasly üçin niýetlenen egin-eşikleriň täze nusgalary görkezildi.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri