JEMGYÝET

Dünýädäki iň uly ýapyk şaglawuk

«Safdie Architects» binagärlik kompaniýasy Singapuryň Çangi halkara howa menzilinde ýapyk binadaky dünýäde iň uly şaglawugy gurdy. Äpet gümmeziň astynda ýaýbaňlandyrylan çemenzarlygyň arasynda ýerleşdirilen şaglawugyň beýikligi 40 metre ýetýär. Aýdylyşyna görä, ol minutda 37 müň litr suwy sarp edýär.
Gümmez ýokary hilli, çydamly aýnadan ýasalypdyr. Gün yşygy gowy düşüp duran gümmeziň astynda tebigatyň ajaýyp görnüşi emele getiripdir. Bu ýerde özüňi howa menzilinde däl-de, tebigatyň goýnunda ýaly duýmaga ähli mümkinçilikler bar. Täze şaglawuk bu ýerdäki gözelligi has-da artdyrdy diýip dünýä metbugaty ýazýar.
Gurluşygy dört ýyl dowam eden bu toplumyň gymmaty Singapuryň hökümetine 1,25 milliard dollara düşdi. 17-nji aprelde howa menzili dabaraly ýagdaýda açyldy.

 

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy