Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenendir. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary raýatlarymyzyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Ekologiýa maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda howa ýagdaýy ep-esli gowulandy. Ýaş agaç nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäreleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Tokaý zolaklarynyň döredilmegi howa ýagdaýyny gowulandyryp, bioköpdürlüligi gorap saklamaga we köpeltmäge ýardam berýär.
Ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda 5-nji noýabrda ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümi badalga aldy. Sahawatly güýzüň tylla öwüşginli gününi nurlandyran bu döwletli işe watandaşlarymyz agzybirlik bilen gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda ýurdumyz boýunça dürli agaçlaryň 3 million düýbüni, şol sanda welaýatlarda olaryň 1,5 million düýbüni oturtmak göz öňünde tutuldy.
Halkymyzda gadymy döwürlerden bäri köpri gurmak, ýol çekmek, guýy gazmak sogap iş hasap edilýär. Şonuň ýaly-da, bag ekmek, daş-töweregi bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek asylly ýörelgeler bolup durmuşymyza ornaşdy. Şonuň üçin hem bu günki günde türkmen topragy, eziz Diýarymyzyň çar ýany bagy-bossanlyga bürendi. Bu bagy-bossanlyklar, tokaýlyklar adam eliniň gyzyl güldügini, zähmetiň miwe eçilýändigini aýdyň beýan edýär.
Eziz Diýarymyzda tokaý zolaklarynyň gerimi barha giňeýär. Her ýyl agaç nahallarynyň örän köp sanlysy oturdylýar. Köpçülikleýin bag ekmek ýaly jemgyýetçilik taýdan bähbitli iş ýaşlarda ekologiýa medeniýetiniň ösmegine, ýurdumyzda ekologiýa taýdan amatly daşky gurşawyň döremegine itergi berýär. Paýtagtymyzda, welaýatlarda we etraplarda döredilýän tokaý zolaklary şol künjekleri diňe bir tebigy taýdan gözelleşdirmän, eýsem, amatly howa ýagdaýyny hem döredýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga, durnukly ösüşiň bähbidine goşýan saldamly goşandydyr. Bu işlerde Türkmenistan sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak meselesiniň örän derwaýyslygyndan ugur alýar.
Bu gün sahawatly topragymyza ekilen bag nahallary ýurdumyzyň tebigatyny ozalkylardan has hem baýlaşdyrar.Tebigat gözellikleri bize ata-babalarymyzdan galan miras, ony başky durkunda geljekki nesillerimize ýetirmek biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Türkmeniň güneşe baý topragy dünýä ýüzünde iň berk, sagdyn, uzak ömür pür-pudak ýaýradyp ösýän daragtlary ýetişdirmäge ukyplydyr. Şahyryň aýdyşy ýaly, kim-de-kim bir agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar.
Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň hukuk esaslary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlarynda berkidilendir. Bu kanunçylyk namalarynyň düzümi ekologik durnuklylygy gazanmakda, bioköpdürlüligi gorap saklamakda, adamlaryň arassa tebigy gurşawa bolan hukuklaryny amala aşyrmakda möhüm orny eýeleýär.
Täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, türkmen tebigatynyň gözellikleriniň gaýtalanmajak baýlyklaryny artdyrmak baradaky meseleler özüniň ähmiýetliligi bilen ekologiýa syýasatymyzyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» ýaly Türkmenistanyň Kanunlary we beýlekiler kabul edildi.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hem-de paýtagtymyzyň töwereklerindäki dag eteklerinde bu gün müňlerçe gektar meýdanda bagy-bossanlyklar ýaýylyp gidýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, eziz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda jemi 25 million, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň dabaralandyrylan ýylynda bolsa jemi 30 million düýp saýaly, pürli hem-de miweli agaç nahallarynyň oturdylmagy bu giň gerimli ekologik syýasatymyzyň ýyl-ýyldan rowaçlanýandygynyň subutnamasy boldy.
Gülnabat Daňatarowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.
