BILIM

Diplom ykrar etmek: Zerur resminamalaryň sanawy

Daşary ýurt döwletiniň ýokary we orta hünär okuw mekdebi tarapyndan berlen Resminamany Türkmenistanyň çäginde ykrar etmek işini geçirmek üçin zerur resminamalaryň sanawyny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň saýtyna salgylanmak bilen Size ýetirýäris. Bellemeli zat, bu sanawy Size öň hem birnäçe gezek ýetirendigimizi hasaba alyp, bu sanaw boýunça amal etmezden ozal iň sanawyň iň soňky wersiýasyny www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Bilim sahypasyna girip almagy maslahat berýäris.

DAŞARY  ÝURT DÖWLETINDE BERLEN DIPLOMY TÜRKMENISTANDA YKRAR ETMEK ÜÇIN ZERUR RESMINAMALARYŇ SANAWY

1) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan maksatlaýyn okuwa iberilen Türkmenistanyň raýatynyň Resminamany ykrar etmek baradaky arzasy ýa-da
Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatyny maksatlaýyn okuwa iberen Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Resminamany ykrar etmek baradaky haty ýa-da
Türkmenistanyň çäkleriniň daşynda hususy tertipde okan adamyň Resminamany ykrar etmek baradaky arzasy;

2) ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky (Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agzasy bolmadyk ýurtlarda berlen resminama  kanunlaşdyrylan bolmaly)  resminamanyň Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen iki sany nusgasy;

3) ikinji ýokary bilim hakynda resminama, magistr derejesi hakynda resminama, hünär biliminiň ýa-da akademiki kepilnamanyň binýadynda okuwyň gysgaldylan görnüşinde okalyp alnan Resminamalar ykrar edilende, ozalky bilimi hakynda resminamanyň Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen iki sany nusgasy;

4) ýokary hünär biliminiň ikinji basgançagy (magistr derejesi) baradaky  Resminamalar ykrar edilende bakalawr derejesi baradaky Resminamanyň Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen (ykrar edilen bolsa Ykrar şahadatnamasynyň hem) iki sany nusgasy;

5) okuw dersleri, okuw sagatlarynyň möçberi we her okuw dersi boýunça bilimlere goýlan bahalar görkezilen, Resminamanyň goşundysynyň (hasap-synag sanawnamasyndan göçürmäniň) Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen iki sany nusgasy;

6) Şu Gözükdirijiniň altynjy böleginiň 2-nji bendiniň “b” – “d” kiçi bentlerine degişli Resminamalary beren Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň bilim edarasynyň döwlet ýa-da halkara akkreditasiýasyny geçendigi baradaky resminamanyň okuw mekdebi tarapyndan tassyklanan göçürmesiniň (şol döwletde göz öňünde tutulan halatynda) Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen iki sany nusgasy;

7) daşary ýurt döwletiniň bilim ýa-da bilim çygrynda dolandyryşy amala aşyrýan edarasynyň şu aşakdaky maglumatlar görkezilen resmi haty ýa-da arhiw kepilnamasy:

a) ýokary we orta hünär okuw mekdebine (eger-de olaryň sany birnäçe bolsa, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine) okuwa kabul edilen we okuwy tamamlan senesi hem-de (bilim edarasy tarapyndan göz öňünde tutulan halatynda) ýokary we orta hünär okuw mekdebi boýunça çykarylan buýruklary, okuwyň görnüşi;

b) hünäri (taýýarlyk ugry) boýunça okuwyň kadalyk ölçeg möhleti (Resminamanyň goşundysynda görkezilmedik bolsa);

ç) Resminamanyň san belgisi;

d) bilim edarasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi.

Resmi hat ýa-da arhiw kepilnamasy (asyl nusgasy) daşary ýurt döwletiniň bilim ýa-da bilim çygrynda dolandyryşy amala aşyrýan edarasynyň blankynda ýazylan, onuň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan (Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet bilim edaralary  üçin – döwlet tugraly möhür basylan) görnüşinde bolup, ol Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjimesi bilen bilelikde berilmelidir.

Daşary ýurt döwletiniň bilim ýa-da bilim çygrynda dolandyryşy amala aşyrýan edarasynyň resmi haty ýa-da arhiw kepilnamasy Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň beýleki ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan maksatlaýyn okuwa iberilen Türkmenistanyň raýatlaryna berlen resminamalara bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilendigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, daşary ýurt döwletlerine maksatlaýyn okuwa iberen Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň güwänamasy bilen çalşylyp bilner.
Resminamanyň eýesi degişli döwletiň kanunçylygyna laýyklykda hereket edýän we şu Gözükdirijiniň bäşinji böleginde görkezilen talaplaryň ýerine ýetirilendigini tassyklaýan beýleki resminamalary tabşyryp biler;

8) pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan başga resminamanyň nusgasy we bar bolan ýagdaýynda Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň nusgasy;

9) bellenen nusga boýunça Resminamanyň eýesiniň özi barada maglumat.

 

Mahabat:

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

 

“ATAVATAN DANIŞMANIIK” HEM MASLAHATÇYŇYZ HEM-DE TERJIMEÇIŇIZ BOLAR

Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly talyplara maslahat hyzmatlaryny berýän Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd” şereketi talyplara diňe bir maslahat bermek hyzmaty bilen çäklenmän, eýsem terjime hyzmatyny hem hödürlýär.

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatantranslation@gmail.com

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52  ýa-da  +90 530 251 36 73

 

 

Hukuk işi ugry boýunça diplomy ykrar etmek: goşmaça 3 aý okuw şerti

 

Daşary ýurtda öz hasabyňa bilim almak : Soraglara-jogaplar!

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler