Bu bölümdäki “matrýoşka”, “düwünçek” “içgoş” diýen sözleri söz bilen baglanyşykly ilkinji gezek ýörite ulandyk. Adalgalaryň dil birligi bolan söz bilen baglanyşykly ulanylmagy ýöne ýerden däldir. Göz öňünde tutulýan esasy zat sözüň içinden çykýan dil birlikleridir. Aslynda söz ýürekde düwülen bir düwünçege meňzeşdir.
Nanomorfologiýanyň özboluşly aýratynlygyny görkezýän ugurlarynyň biri sözýasalyş bilen baglanyşyklydyr. Bu sözýasalyş adatdakylardan tutuşlygyna tapawutlydyr.
Eýsem, nano söz ýasalyş nähili aýratynlyga eýedir?
1.Nano bilen baglanyşykly söz ýasalyşda aýratyn alnan görnüşde söz ýasaýyjy goşulmasy ýokdur. Başgaça aýdylanda, sözler adatdakysy ýaly ýasaýyjy goşulmalaryň kömegi bilen ýasalmaýarlar.
2.Nano bilen baglanyşykly bolan söz ýasaýyjylygyň düýp-teýkary söz içinden söz ýasamaklyga esaslanýar. Bu ýagdaýa meňzetme-deňeşdirme hökmünde seretsek, onda ol biz ruslaryň “matrýoşka” oýunjagyny ýatladýar. Türkmençe meňzetme tapmaly bolsak, muňa dildäki düwünçekler (diliň dürdänleri) diýip bilerdik.
Onda, nano söz ýasalyş näme diýmekdir?
1.Nano söz ýasalyş diýmek, aslynda berlen sözüň içindäki owunjak we özbaşdak ülüşleri ýeke-ýekeden hasaba almak diýmekdir.
2.Nano söz ýasalyş diýmek, bir bütewiniň içinden dil derdine ýaramly bolan bölejikleri täzeçil görnüşde toplamak diýmekdir.
Sözleriň içinden özboluşly bölejikleri ýygnamaklyga rus dilcisi L.N. Sinelnikowa özüçe at berip, ony “поштучная сборка веществ из отдельных атомов” (birmeňzeş bolmaýan atomlardan özbaşdak ülüşleri ýygnama ) diýip atlandyrypdyr [Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: векторы формирования. Вестник ЛНУ iменi Тараса Шевченка .№ 24 (259). Ч.1., 2012:12].
Türkmen dilinde ulanylýan sözleriň içinden çykjak nano birlikleri göz öňünde tutup, geçiren köpsanly gözegçiliklerimiziň netijesine esaslanyp, olary şeýle toparlara bölmekligi ýerlikli hasaplaýarys:
1)sözüň içinden çykan sözlemler;
2)sözüň içinden çykan söz düzümlemleri;
3)sözüň içinden çykan sözler;
4)sözüň içinden çykan goşulmalar…
Aslynda gürrüňi edilýän derňewleriň arasyndaky tapawutlary anyk görnüşinde bilmek üçin käbir mysallary bilelikde derňemäge synanyşalyň:
“Bilim gökden ýol ýasar” diýen sözlemdäki “bilim” sözüni iki esasda-da derňew edeliň. Bize tanyş bolan derňewden başlamaklygy amatly hasapladyk:
1.Adaty morfologik derňew:
bil– özbaşdak many aňladýan söz topary; işlik köki.
-im – grammatik morfema, söz ýasaýjylardan asyl ýasaýyjy, sözüň söz toparyny üýtgetdi, işlikden umumy manyly at ýasady, ýasama düýp sözi hasyl etdi.
Ynha, biziň şu wagta çenli öwrenişen morfologik derňewimiziň beýany we netijesi.
Biziň täzeçe derňew diýýänimiz ýa-da başdan bäri “nano” diýip sypatlandyrýanymyz adaty derňewlerimizden üýtgeşikdir.
2.Nanomorfologik derňew: Bu derňewi berjaý etmek üçin ilkibada “bilim” sözi bilen baglanyşykly özbaşdak many aňladýan söz toparylaryny çykarmaga synanyşalyň.
Birinji etapda bu sözüň (bilim) gurluş galybyny emele getirmek üçin elipbiý tertibiniň sanawyna esaslanýan iň kiçi ülüşlerini oňat bilmelidiris: [2b + 10i + 14l + 10i +15m]. Şeýlelikde, gürrüňi edilýän sözüň jemi bäş sany harpdan ybaratdygyna göz ýetirdik.
Bäş harply sözleriň birinjisi: BILIM [2b + 10i + 14l + 10i +15m]
Bäş harply sözleriň ikinjisi: BILIM [2b + 10i + 14l + 10i +15m]
Ikinji etapda bolsa şol harplaryň sany ýuwaş-ýuwaşdan azaldylyp, özbaşdak many aňladýan söz toparlary tapylýar:
Dört harply sözleriň birinjisi: BILIm [2b + 10i + 14l + 10i ]
Dört harply sözleriň ikinjisi: BILIm [2b + 10i + 14l + 10i ]
Dört harply sözleriň üçünjisi: bILIM [10i + 14l + 10i +15m]
Üç harply sözleriň birinjisi: BILim [2b + 10i + 14l ]
Üç harply sözleriň ikinjisi: BILim [2b + 10i + 14l ]
Üç harply sözleriň üçünjisi: bILIm [10i + 14l + 10i ]
Üç harply sözleriň dördünji: bILIm [10i + 14l + 10i ]
Iki harply sözleriň birinjisi: bILim [10i + 14l ]
Iki harply sözleriň ikinjisi: bILim [10i + 14l ]
Üçünji etapda bolsa şol harplaryň sany ýuwaş-ýuwaşdan azaldylyp, goşulmalaryň zynjyrlary tapylýar:
Iki harply goşulmalaryň birinjisi: BIlim [2b + 10i ]
Iki harply goşulmalaryň ikinjisi: bilIM [10i +15m ]
Iki harply goşulmalaryň üçünjisi: bILim [10i + 14l ]
Iki harply goşulmalaryň dördünjisi: biLIm [14l + 10i ]
Bir harply goşulmalaryň birinjisi: biLim [14l ]
Bir harply goşulmalaryň ikinjisi: bilIm [10i ]
Bir harply goşulmalaryňüçünjisi: biliM [15m ]
Jemleýji etapda gerek hasap edilen ýagdaýynda bu nusgalaryň barynyň doly düşündirişi berilmelidir. Ilkinji gezek derňew edýändigimiz üçin biz bu ýerde jikme-jik görnüşde derňemegi amatly hasapladyk.
Bäş harply sözleriň birinjisi: BILIM [2b + 10i + 14l + 10i +15m].
“Bilim” sözüniň asyl manysydyr, okuw, sowat, okamak netijesinde elde edilen ylym bilen baglanyşyklydyr. Birinji manysy bolandygy üçin nanomorfologik derňewde diňe başga manylar bilen deňeşdirmekde ulanmak üçin hasaba alynýar.
Bäş harply sözleriň ikinjisi: BILIM [2b + 10i + 14l + 10i +15m].
“Bilim”, bu sözüň asly at bolan “bil” [bi:l] sözündendir, manysy adamyň göwresiniň guşaklyk bölümidir, onuň guşak guşanýan ýeridir. Häzirki ýagdaýda şol bölümiň, ýeriň sözleýjä, birinji şahsa degişlidigini görkezýär: Meniň bilim agyrýar.
Dört harply sözleriň birinjisi: BILIm [2b + 10i + 14l + 10i ].
“Bili”, bu sözüň asly at bolan “bil” [bi:l] sözündendir, manysy adamyň göwresiniň guşaklyk bölümidir, onuň guşak guşanýan ýeridir. Häzirki ýagdaýda şol bölümiň, ýeriň sözleýjä, üçünji şahsa degişlidigini görkezýär: Onuň agyrýan bili gutulypdyr.
Dört harply sözleriň ikinjisi: bILIM [10i + 14l + 10i +15m].
“Ilim”, bu sözüň asly at bolan “il” [i:l] sözündendir, manysy halk, ilat, ýurt, mesgen bilen baglanyşyklydyr. Häzirki ýagdaýda şol halkyň, mesgeniň sözleýjä, birinji şahsa degişlidigini görkezýär: Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn.
Üç harply sözleriň birinjisi: BILim [2b + 10i + 14l ].
“Bil”, bu sözüň asly at bolan “bil” [bi:l] sözündendir, manysy adamyň göwresiniň guşaklyk bölümidir, onuň guşak guşanýan ýeridir.
Üç harply sözleriň ikinjisi: BILim [2b + 10i + 14l ].
“Bil-”, bu sözüň asly işlik bolan “bilmek” sözündendir, öwrenmek, göz ýetirmek, anyklamak ýaly manylarda ulanylýar.
Üç harply sözleriň üçünjisi: bILIm [10i + 14l + 10i ].
“Ili”, bu sözüň asly at bolan “il” [i:l] sözündendir, manysy halk, ilat, ýurt, mesgen bilen baglanyşyklydyr. Häzirki ýagdaýda şol halkyň, mesgeniň üçünji şahsa degişlidigini görkezýär. Ili bolmaýanyň ýoly-da ýokdur.
Iki harply sözleriň birinjisi: bILim [10i + 14l ].
“Il”, bu sözüň asly at bolan “il” [i:l] sözündendir, manysy halk, ilat, ýurt, mesgen bilen baglanyşyklydyr.
Iki harply sözleriň ikinjisi: bILim [10i + 14l ].
“Il-” bu sözüň asly işlik bolan “ilmek” [i:lmek] sözündendir, ilişmek, galtaşmak, ilip galmak ýaly manyda ulanylýar.
Iki harply goşulmalaryň birinjisi: BIlim [2b + 10i ].
“bi-”, türkmen diline mahsus bolmaýan bu goşulma başga dilden geçen goşulmadyr, “bi:-” çekimlisi uzyn aýdylyp, sözüň öňünden goşulýar we sypatyň ýoklugyny emele getirýär, “-syz/-siz” goşulmalaryň ornuna ulanylýar.
Iki harply goşulmalaryň ikinjisi: bilIM [10i +15m].
“-im”, bu goşulma birinji şahs üçin ulanylýan degişlilik goşulmasydyr, soňy çekimsize gutarýan inçe çekimli atlara goşulýar. Käwagt ýasaýjy goşulmanyň hem hyzmatyny ýerine ýetirip biler: ber-im; berim gökden ýol ýasar; gel-im-gid-im; gelim-gidim…
Iki harply goşulmalaryň üçünjisi: bILim [10i + 14l ].
“-il”, bu goşulma işligiň gaýdym derejesiniň goşulmasydyr. Soňlary çekimsiz bilen gutaran işliklere, şol sanda täsirini geçirýän we geçirmeýän işliklere-de goşulyp bilýär.
Iki harply goşulmalaryň dördünjisi: biLIm [14l + 10i ].
“-li”, bu goşulma ýasaýjy goşulma hökmünde ulanylýar, Köplenç atdan sypat ýasamakdaky hyzmaty bilen tanalýar.
Bir harply goşulmalaryň birinjisi: biLim [14l ].
“-l”, bu goşulma işligiň gaýdym derejesiniň goşulmasydyr. Soňlary çekimsiz bilen gutaran işliklere, şol sanda täsirini geçirýän we geçirmeýän işliklere-de goşulyp bilýär. Mundan başga-da ýasaýjy goşulma hökmünde-de ulanylýar: “gara-l-mak”
Bir harply goşulmalaryň ikinjisi: bilIm [10i ].
“-i”, bu goşulma-da hem ýasaýjy (çek-i), hem-de üýtgediji (diş-i; onuň dişi); (diş-i; dişi çekdirmeli) goşulmalaryň hyzmatynda ulanylýar.
Bir harply goşulmalaryňüçünjisi: biliM [15m].
“-m”, bu goşulma birinji şahs üçin ulanylýan degişlilik goşulmasydyr, soňy çekimli bilen gutarýan atlara goşulýar. Eýsem, bu ýagdaý (-m) goşulmasynyň işliklere goşulmaýar diýen manyny aňlatmaýar. Işligiň öten zamanyndan, şert işliginden soň we başga birnäçe ýerler bilen baglanyşykly ulanyly biler. Bu ýerde biz derňew edýän sözümizi esas alýandygymyzy unutmaly däldiris.
Ýokardaky nusgadan-da görnüşi ýaly, nanomorfologik derňew adaty morfologik derňewden biraz tapawutlydyr. Başgaça aýdylanda, nanomorfologik derňewde sözüň hemme morfem düzümlerini özünde saklaýan iň kiçijik ülüşlerine çenli bary hasaba alynýar. Şol kiçijik ülüşler bolsa bize himiýa ylmyndaky molekulalary ýatladýar.