Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga, parahatçylyga, abadançylyga, gönükdirilen tagallalar uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we sebit bilen baglanyşykly kabul edilen Kararnamalar munuň aýdyň mysalydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz saýlap alan oňyn döwlet syýasatyna üýtgewsiz eýermek bilen, durmuşyň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýar. Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde ykrar edilýär. Döwletimiziň sazlaşykly ösüş derejesini yzygiderli berkitmek babatyndaky wezipeler düýpli özgertmeleri, innowasion taslamalary, toplumlaýyn maksatnamalary öňe çykarýar. Olaryň netijeli amal edilmegi bolsa, ösüş üçin täze gözýetimleri açmak bilen birlikde, döwletimizi öňdebaryjy orunlara çykaryp, onuň halkara abraýyny has-da artdyrýar.
Ine, şeýle ajaýyp döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň kemala gelmegi üçin giň şert-mümkinçilikler döredilýär. Häzirki zaman multimediýa enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze, döwrebap bilim ojaklarynyň sany barha artýar. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere ýadygärlik sowgat hökmünde kompýuterleriň gowşurylmagynyň özem Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklarynyň döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýandygynyň güwäsidir.
Ylym-bilimiň örän ýokary derejede ösýän häzirki döwründe dil bilimi hem çuňňur öwrenilýär. Bu ugurda dünýä dillerini öwrenmek, ýaş nesillere öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Daşary ýurt dillerini özleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy usullaryndan peýdalanmak bolýar. Esasan hem, dil öwredilende sanly tehnologiýalara uly orun degişlidir. Ylmyň, tehnologiýanyň iň täze gazananlaryny özleşdirmekde daşary ýurt dilleriniň örän uly ähmiýeti bardyr. Çünki daşary ýurt dillerini bilmek bilen dünýäniň iň täze ylmy edebiýatlary bilen tanyşmaga, ylmyň mümkinçiliklerini has-da çuňňur öwrenmäge mümkinçilik alyp bolýar
Häzirki wagtda dünýä dillerini bilmäge aýratyn üns berilýär. Ýaşlarymyza we bu ugurdaky hünärmenlere daşary ýurt dillerini öwrenmäge giň şertler döredilýär. Rus dilini öwrenmekde tehniki serişdeler bilen özbaşdak işlemekde talyplaryň logiki pikirlenmesiniň ösýändigini görmek bolýar.
Dil bilmek iş tejribäňi ösdürmäge we özara tejribe alyşmaga döredilýän mümkinçilikdir. Dünýä dillerini bilýän hünärmen milli gymmatlyklarymyzy wagyz-nesihat etmekde hem kämildir. Biziň ýurdumyz bolsa taryhy-medeni ýadygärliklere baý. Daşary ýurtly myhmanlar ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri bilen gyzyklanýarlar. Geljekki hünärmenler bolsa söz baýlygyny, hünäre degişli adalgalary we söz düzümlerini giňeltmek üçin eşidiş, ýazuw, görüş, okaýyş, diňleýiş we gürleýiş endiklerini baýlaşdyrmaga çalyşýarlar.
Her bir dil medeni gymmatlyklara akyl ýetirmegiň kuwwatly serişdesi hasaplanylýar. Daşary ýurt dillerini özleşdirmekde okatmagyň usullary gowy netijesini berýär. Häzirki ösen maglumatlar zamanasynda interaktiw usullaryndan peýdalanmak has hem amatly hasaplanýar. Bu usulda meseleleriň çözülmegi, köplenç, öwrenijiniň tejribesine bagly bolýar. Şeýle ähli mümkinçilikleriň döredilýän döwründe daşary ýurt dilleriniň hatarynda rus dilini öwrenmeklige hem giň orun degişlidir.
Russiýa Federasiýasy ýurdumyzyň esasy hem-de strategik hyzmatdaşy bolamk bilen, köp ýyllyk döwletara gatnaşyklarynyň netijesinde rus dili ýurdumyzda has giň ýaýran daşary ýurt dilleriniň biridir. Rus dili 1-nji synpa barýan mekdep okwuçysyndan başlap, tä ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde hem giňden öwredilýän dilleriň biridir.
Daşary ýurt dilleri boýunça okuw kitaplaryny, sözlükleri öwrenmäge döredilýän şertler, dil öwreniş merkezleriniň hyzmaty, internet — bular dil öwrenmek isleýänler üçin has-da ähmiýetlidir. Rus dili sapaklarynda okuw işiniň netijeli bolmagyny gazanmak üçin ýaşlaryň akyl ýetiriş ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen usullaryň we serişdeleriň ulanylmagy ähmiýetlidir.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan dostluk-doganlyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk ýollarynyň dünýäniň çar künjüne uzamagy halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Daşary döwletler bilen halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça aragatnaşygy mundan beýläk hem giňeltmek we ösdürmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygy ýüze çykýar. Halklaryň özara düşünişmegi üçin diliň ähmiýeti örän uludyr. Islendik hünärmene saýlan ugry boýunça daşary ýurt dillerini öwrenmegiň zerurlygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ene dilimiz bilen birlikde dünýä dillerini öwrenmegiň möhümdigini hem-de döwrüň ösüşi bilen deň derejede gitmäge mümkinçilik döredilýändigini kesgitleýär.
Aýgül Annameredowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň Rus dili we edebiýaty mugallymy.