SIZDEN GELENLER

Dil öwrenmek-asylly ýörelge

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny kämilleşdirmeklige, ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermeklige, Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşjak kämil ýaşlary kemala getirmeklige aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmelere syn edenimizde, çagalar baglaryndan başlap, orta mekdepleriň, ýörite orta we ýokary bilim berýän okuw jaýlarynyň ençemesiniň gurlup ulanmaga berlendiginiň, bar bolanlarynyň durkunyň täzelenip, olarda dünýä ülňülerine gabat gelýän, ähli amatly şertleriň döredilendiginiň, okuw esbaplary, kitaplar, interaktiw, multimedia enjamlary bilen üpjün edilendiginiň janly şaýady bolýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanylýan guwandyryjy özgertmeler ýetiljek täze sepgitlere badalga berýär. Ýurdumyzyň ýagty geljegini gurjak ýaş nesilleriň bilim derejelerini kämilleşdirmek maksady bilen gurulýan bilim-terbiýeçilik maksatly binalaryň iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi kämil bilimli ýaşlaryň kemala gelmeginde esasy orun tutýar. Bu babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler aýratyn bellärliklidir. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýokary depginli ösüşleriň gazanylýandygy, döwletimiziň halkara derejesindäki abraýynyň barha ýokarlanýandygy we ýaşlaryň bilim derejeleriniň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykýandygy mälimdir.

Ýaşlara dünýä dillerini öwretmekde has döwrebap usullardan peýdalanýarlar. Häzirkizaman tehnologiýalarynyň we interaktiw sapaklaryň ulanylmagy dil öwrenmegiň netijeliligini ýokarlandyrýar we ýaşlaryň okuw işine höwes bilen gatnaşmaklaryny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan dostluk-doganlyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk ýollarynyň dünýäniň çar künjüne uzamagy halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Daşary döwletler bilen halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça aragatnaşygy mundan beýläk hem giňeltmek we ösdürmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygy ýüze çykýar. Halklaryň özara düşünişmegi üçin diliň ähmiýeti örän uludyr. Islendik hünärmene saýlan ugry boýunça daşary ýurt dillerini öwrenmegiň zerurlygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ene dilimiz bilen birlikde dünýä dillerini öwrenmegiň möhümdigini hem-de döwrüň ösüşi bilen deň derejede gitmäge mümkinçilik döredilýändigini kesgitleýär.

Ýurdumyzda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň esasynda orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara daşary ýurt dilleri ýörite meýilnamalar esasynda öwredilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlara dünýä dilleri häzirkizaman usullary, kämil okuw kitaplary, elektron kitaplardyr sözlükler, okuw gollanmalary esasynda öwredilýär. Häzirki halkara gatnaşyklaryň, ylmyň-bilimiň, dürli tehnologiýalaryň ösen döwründe dil bilmegiň ähmiýeti has-da artýar. Bu babatda iňlis, fransuz, hytaý, nemes, rus dilleriniň paýy aýratyn uludyr. Ýaşlar dilleri öwrenmäge yhlasly ýapyşýarlar. Häzirki wagtda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, aýratyn-da, rus dilini suwara bilmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň üçin rus dilini kämil derejede öwrenmäge bolan isleg barha artýar.

Dil öwrenmek diňe ýazuw kadalaryny öwrenmek bilen çäklenmeýär. Talyplaryň bilim derejelerini, sözleýiş başarnyklaryny durmuş ýagdaýlarynda ulanmagy başarmaklary möhüm meseleleriň biridir.

Iňlis dilini öwretmekde ýaşlaryň rus dilinde sözleýiş mümkinçiliklerini we isleglerini göz önünde tutup, olaryň bu dilde gepleşmek başarnyklaryny kemala getirmäge, ünsüni, aňyny, ýadyny ösdürmäge çemeleşilýär. Rus dilini aňsatlyk bilen we çalt öwrenmek üçin iInternet ulgamynyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylýar. Rus dilindäki multfilmler, ertekiler dili öwrenmäge we öwretmäge oňyn täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleri üçin dürli dersler boýunça elektron kitaplary, gollanmalary, wideo, audiomateriallary taýýarlamak hem-de daşary ýurt dillerinde dogry gürlemegi we dürs ýazmagy öwredýän kompýuter programmalaryny döretmek, olary internetiň üsti bilen uzak aralykdan öwrenmek işi ýola goýuldy. Häzirki döwrebap usullar ýaşlaryň daşary ýurt dillerini özleşdirmeklerine giň mümkinçilik döredýär. Munuň özi dünýä dillerini bilýän kämil hünärmenleriň kemala gelmegine uly goldaw berýär.

Daşary ýurt dilleri ýaş nesliň dünýägaraýşyny giňeltmekde, olaryň halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, öz ylym-bilim mümkinçiliklerini, ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ýardam berýär. Näçe köp dil bilseň, şonça-da düşünjäniň gerimi giňeýär. Şol diliň diňe bir sözlügine aralaşman, eýsem, onuň düşünjesini, gymmatlyklaryny, milliligini has ýakyndan tanap başlaýaň. Her bir edebiýaty terjimesinde däl-de, onuň asyl ýazylan dilinde, ýazyjynyň hut özüniň galamyndan çykan sözleri okamak we düşünmek aýratyn lezzet berýär. Terjime edilen eserlerde terjimeçi öz pikirini, düşünjesini, garaýşyny tötänden ýa-da bilip esere goşup bilýär. Mundan başga-da, daşary ýurt dilleri öwrenilende şeýle yzygiderlilik bar. Iki dil bilýän adam üçin, şol diller maşgalasyndan, başga dili öwrenmek ýeňil düşýär. Mysal üçin, iňlis dilini bilýän adama roman-german dilleri maşgalasyndan bolan beýleki islendik dili öwrenmek ýeňil bolýar. Bir dil maşgalasyndan bolan dillerde umumylyk köp bolýar. Sözlük düzüminde, harplaryň aýdylyşynda ýa-da sözlem gurluşynda birmeňzeşlik bolýar. Bu bolsa başga dil öwrenýän adama ýeňillik döredýär. Öwrenilýän dilde umumylyk tapmak bilen dil öwrenmek ýeňilleşýär we tizleşýär.

Umunam, berkarar ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Türkmen ýaşlary daşary ýurtlaryň dünýä belli ýokary okuw mekdeplerinde okap, hünär alýarlar, okuwçylardyr talyplar halkara bäsleşiklere gatnaşyp, uly üstünlikler gazanýarlar.

Dil bilmek — adamyň aňynyň ösmegine, dünýägaraýşynyň giňelmegine we hünär taýdan kämilleşmegine uly täsir edýär. Ajaýyp zamanamyzda ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek üçin ähli şertler bar. Munuň üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Mähri Halmyradowa, 

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 4-nji ýyl talyby. 

 

 

Ýene-de okaň

Dil bilmek ylymlaryň açarydyr

Ata Watan Eserleri

Pedagogika we psihologiýanyň ähmiýeti

Türkmen ýaşlarynyň ylmyň ösüşindäki orny

Goşa mukaddesligiň belent sarpasy

Parahatçylyk – geljegiň rowaçlygy

Türkmenistan – bagtyýar çagalygyň mekany