Dil ýüregiň açary.
Dili süýjiniň dosty köp.
Dili uzyn bolanyň agzy ýapyk galmaz.
Dili ýamanyň günüde ýaman.
Dilini saklan, başyny gutarar.
Dil bir süňksiz et, ýagşyny hem diýer, ýamany hem.
Dil düwnüni diş görmez.
Dil ýüwrügi başa deger, at ýüwrügi daşa.
Dilde ygtyýary yoguň, ilde ygtybary ýok.
Dilden gelen elden gelmez.
Dile diş gala-göze gaş.
Dile geldi bile geldi.
Dil bilen orak orsaň, bil agyrmaz.
Dil bir öl ýerde biten zat, nämäni diýmez.
Dil akylyň açary.
Dil gylyçdan ýiti.
Dil maýa – dil zaýa.
Dil akyldan ozup ýöremez.
Dil bir beladyr-uçar, göz bir derýadyr-geçir.
Dil gybatda, gulak-tamda.
Dil bar – düzer, dil bar-bozar.
Dil bilen zor, bilmedik hor .
Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana.
Dil bilen degirmen tartma.
Dil bilen dünýäni gezer.
Dil bilen nöker-bal bilen şeker.
Dil bilmez nöker-abraýyny döker.
Dil bilenler galadyr, dil bilmezler-beladyr.
Adam arasyny dil bozar, dagy-daşy ýel bozar.
Adam dilinden tapar.
Agzy gulply sandygy diş açmasa dil açar.
Agzyň parawuzy ýok, diliň süňki.
Agzyny aç, dili bolsa –gaç.
Akmagyň dilinde, akyllynyň elinde.
Akylly keltäň-dili uzyn.
Alahekek öz dilinden bela bela galar, ýa-da öler.
At aýagy gitgir,ozan dili ötgür.
Aýagy ýaman köl bular, dili ýaman- dil.
Aýak ýüwrügi daşa deger, dil ýüwrügi- başa.
Bar zatdan süýji-de dil, ajy-da dil.
Başa bela iki barmak dilden geler.
Başa dil getirenini el getirip bilmez.
Baýyň sahylygy elinde, garybyň sahylygy dilinde.
Boýy bir garyş, dili iki garyş.
Bugdaýy Hakdan dile, jöweni-dersden.
Bulutdan çykan Gün ýakar, ýaşmakdan çykan-dil.
Çeperiň eli halky, şahyryň-dili.
Dili uzynyň –ömri uzyn.
Dili bar ile düşer, aty bar-ýola.
Dili gyzanda aýdar, ýüzi gyzanda ýaşyrar.
Dili kelte-salamat, dili uzyn-melamat.
Barly agajyň başy aşak.
Balanyň barmagy agyrsa, enäniň ýüregi syzlar.
Bir-a ýagşylyk unudulmaz, bir-de ýamanlyk.
Dostuň dost bolsun, hasabyň dürs.
Dil bela, diş gala.
Dil bilen orak orma.
Dil milletiň ruhy keşbiniň aýnasydyr.
Tyg ýarasy biter, dil ýarasy bitmez.
Orazgül Geldiýewa
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy.