SIZDEN GELENLER

Dil bilmek – üstünligiň açary

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de san­ly bi­lim ul­ga­my ös­dü­ril­ýär, be­ýik iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem ýaş­la­ra bi­lim ber­me­giň iň tä­ze ugur­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­mek, dün­ýä dil­le­ri­ni öw­ret­mek bo­ýun­ça döw­re­bap iş­ler ýo­la go­ýul­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem hä­zir­ki wagt­da ene di­li­mi­ze çuň­ňur dü­şün­ýän, dün­ýä dil­le­ri­ni su­wa­ra bil­ýän ýaş­lar ke­ma­la gel­ýär.

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­ýän ýaş­la­ry ýe­tiş­dir­mek esa­sy ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Di­ýa­ry­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler has-da dö­re­di­ji­lik­li, ne­ti­je­li iş­le­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar. Bu gün­ki gün­de ýaş­la­ryň bi­lim­le­ri­ni köp­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge we kä­mil­leş­dir­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şun­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek­de hem bi­lim iş­gär­le­ri­niň uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi­ni bel­le­me­gi­miz ge­rek.

Bil­şi­ňiz ýa­ly, umumybilim berýän orta mekdeplerde iň­lis di­li­ni öw­ret­me­giň interaktiw usullary ulanylýar. Hä­zir­ki san­ly ul­ga­myň ösen döw­rün­de ter­ji­me söz­lük­le­riň elekt­ron gör­nüş­le­ri­nden hem peýdalanylýar. Bu­la­ryň hem­me­si iň­lis di­li­ni öw­ren­mek­de dür­li ýe­ňil­lik­le­ri dö­red­ýär. Mun­dan baş­ga-da, iň­lis di­li­ni öw­ret­mek­de or­ta, ýö­ri­te or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de mul­ti­me­dia tag­ta­la­ry, lin­ga­fon otag­la­ry aý­ra­tyn or­na eýe­dir.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň halkara dil hökmünde ykrar eden ilkinji dilleriniň biri hem iňlis dilidir. Tehnologiýalar ulgamynda häzirkizaman işläp taýýarlamalaryň köpüsi, şol sanda internet iňlis dilli ýurtlarda döredilendir. Möçberi we mazmuny boýunça ylmy neşirleriň, okuw we çeper edebiýatlaryň, filmleriň we sazlaryň örän köpsanlysy iňlis dilindedir. Häzirki wagtda ylym, tehnologiýa ýa-da halkara aragatnaşyklar bilen meşgullanýan hünärmenleriň işlerini üstünlikli guramaklyk üçin iňlis diliniň orny uludyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ýaş nesle diňe bir ene dilimizi kämil derejede öwretmek däl-de, eýsem, dünýä dillerini öwretmek barada anyk wezipeleri goýýar. Şondan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda rus, iňlis dillerini öwretmäge uly üns berilýär. Ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde täze tehnologiýalary, usullary peýdalanmak bolsa oňat netije berýär. Elektron sözlükleri, audio we wideo materiallary, kitaplaryň elektron neşirlerini, bilim saýtlaryny, formatlary we beýlekileri özünde jemleýän bilim portaly daşary ýurt dilini öwrenýänlere doly maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Ejebaý Jumaýewa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby.

 

Ýene-de okaň

Sport saglygyň gözbaşy

Mekdebe çenli bilim: geljegiň binýady

Türkmen halk döredijiligi: milli ruhumyzyň çeşmesi

Bitaraplyk-mukaddes gymmatlyk

Energetika howpsuzlygy – ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry

Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady