SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

 “Demirýollary”: 086 sorag-jogap gullugy döredildi

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan halk köpçüligine hödürlenýän esasy hyzmatlaryň biri  hem ýolagçy gatnatmak hyzmaty bolup durýar. Şeýlelikde, bu hyzmatyň gerimi barha giňeýär hem-de hil taýdan ýokary derejelere eýe bolýar. Bu barada “turkmendemiryollary.gov.tm” internet neşirinde habar berilýär.

 “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýardam bermeginde ýurdumyzyň islendik künjegine otluda syýahat etmäge isleg bildirýän müşderiler üçin sorag-jogap gullugy döredildi.

Her bir müşderi 086 gysga belgä jaň aýlamak bilen, ýolagçy peteklerini satyn almakda, ýolagçy otlulary barada, hem-de ýolagçy wagonlarynyň aýratynlyklary barada özlerini gyzyklandyrýan maglumatlary tiz wagtyň dowamynda sorag-jogap gullugynyň operatorlaryndan anyklamaga mümkinçilik alar.

 

Türkmenistan-Russiýa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Hytaý ýaş hünärmenler üçin täze wiza görnüşini girizýär

AÖB Türkmenistanda şepagatçylyk işini ösdürmek üçin $77 mln maýa goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizer

Türkmenistanyň uçarmanlary Ýewropanyň standartlaryna göra taýýarlanar

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

Pakistan Türkmenistanyň bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmegi teklip edýär