SPORT

De Bruýne – Angliýanyň iň gowy futbolçysy

Angliýanyň «Mançester siti» toparynyň ýarymgoragçysy Kewin de Bruýne Angliýanyň «Premýer-ligasynyň» 2019/2020-nji möwsüminiň iň gowy futbolçysy hökmünde saýlandy.

Bu ugurda geçirilen ses berlişikde belgiýaly futbolçy De Bruýne “Bernli” toparynyň derwezebany Nika Poupadan, “Liwerpulyň” goragçysy Trent-Aleksander-Arnolddan, bu toparyň ýarymgoragçylary Jordan Henderson we Sadio Maneden, “Sautgempton” toparynyň hüjümçisi Denni Ingzdan we “Lester” toparynyň hüjümçisi Jeými Wardiden öňe saýlandy.

De Bruýne şu möwsümde 35 duşuşykda 13 gol geçirip, topardaşlarynyň 20 gol geçirmegine kömek etdi. Ol 2002/2003-nji ýylyň möwsüminde “Arsenal” toparynyň ozalky hüjümçisi Týerri Anriniň pas etmek rekordyny gaýtalady.

Mundan ozal, Angliýanyň «Premýer-ligasynyň» 2019/2020-nji möwsüminiň iň gowy tälimçisi hökmünde “Liwerpulyň” tälimçisi Ýurgen Klopp we iň gowy goragçysy hökmünde bu toparyň goragçysy Trent-Aleksander-Arnold saýlanypdy.

Möwsümiň iň gowy futbolçysy saýlanylanda janköýerleriň, 20 klubyň kapitanlarynyň we futbol hünärmenleriniň sesleri hasaba alyndy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady