SIZDEN GELENLER

“Datmeni” hem datly, hem ýokumly

Bilşimiz ýaly, Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde 12-nji aprelde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 14 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň hususy pudagynyň gazananlaryny görkezýän sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň telekeçileri, hojalyk jemgyýetleriniň we hususy kärhanalarynyň wekilleri öz öndürýän önümleri bilen gatnaşdylar. Serginiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar birnäçe hususy kärhanalaryň hünärmenleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen içgin tanyşdylar. Ine, biz hem “Datmeni” hususy önümçilik kärhanasynyň  telekeçisi Meret Meredow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

  • Meret aga, ilki bilen kärhanaňyzda alnyp barylýan işler dogrusynda aýdyp beräýseňiz.

2017-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda işe girizilen kärhanamyz öz işini nahar duzlaryny öndürmekden başlady. Hususy kärhanamyzda önümçilik bölümleriniň sekizisi hereket edip, olar döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Owadan gaplara gaplanan ýokary hilli önümlerimiz gysga wagtda islegli önüme öwrülensoň, ýylyň-ýylyna olaryň gerimini giňeldip başladyk. Kärhanamyzda ýokary hilli iri, ownuk we örän ownuk ýodlaşdyrylan nahar duzlary taýýarlanylýar. Ol awtomatik tertipde 0,5 we 1 kg polietilen gaplara, şeýle hem 1,2 kg plastik bedrelere gaplanylýar. Şeýle hem, kärhanamyz Türkmenistanda duz önümçiliginde ilkinjileriň biri bolup 100% tebigy bolan “Dat” nahar duzuny hödürledi. Ýodlaşdyrylan nahar duzy adam bedeninde ýod ýetmezçiliginden döreýän keselleriň öňüni almaga niýetlenendir. Häzirki wagtda kärhanamyzda aýratyn lezzeti, ýokumlylygy bilen tapawutlanýan  şokolad önümleriniň, gury iýmişleriň, miweden taýýarlanylýan kökeleriň, miwe şireleriniň, önümçiligi ýola goýuldy. Kärhanamyzyň degişli bölüminde erik, ýertudanasy, garaly, injir, gawun, ülje mürepbeleri hem öndürilýär. Bu önümler 0,5 litrlik çüýşe gaplarynda alyjylara hödürlenýär. Mundan başga-da, kärhanamyzda mäşi, noýbany, günebakar çigidini, mekgejöwen dänelerini, şalynyň dürli görnüşlerini, merjimegi arassalamak we gaplamak boýunça bölümlerimiz bar.

  • Meret aga, kärhanaňyzda öndürilýän “Derek” haryt nyşanly şokolad önümleri hem müşderiler tarapyndan uly isleg bildirilýär.  Şolaryň öndürilişi dogrusynda aýdyp berseňiz.

“Derek” haryt nyşanly şokolad önümlerimiziň, hususan-da, nohutly, kişmişli, arahisli, daş şekilli şokolad görnüşlerini hödürleýäris. “Derek” şokolad önümleri dürli maňyzlardan taýýarlanylýar. 100 gramlyk taýýar önümiň kuwwatlyk gymmaty 505 kkal deň. Ýokary hili we tagamlylygy bilen tapawutlanýan bu önümlerimiz esasan hem, körpeje müşderilerimiziň uly isleginden peýdalanýar. Geljekde hem müşderilerimiziň bähbini göz öňüne tutup, ynsan saglygyna peýdaly bolan täze görnüşli tebigy önümlerden birnäçesini öndürmek maksadymyz bar

  • Meret aga, beren täsirli hem gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag bolsun aýdýarys. Işiňizde mundan beýläk-de üstünlik arzuw edýäris.

Sag boluň.

Söhbetdeş bolan

Gyzlargül Annagurdowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

 

13-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika

Tozanyň adam bedenine ýetirýän täsiri

Şöhläniň adam bedenine ýetirýän zyýany

Şöhratly taryhymyzyň beýany