DÜNÝÄ

Daşoguzda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Daşoguz şäheriniň günorta-günbatar künjegindäki Görogly köçesiniň ugrunda bina edilen ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

3 gektardan gowrak meýdany bolan ýaşaýyş jaý toplumynda dört gatly jaýlaryň on bäşisi guruldy. Bu ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki demir-beton önümleri kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna “Derkar” hojalyk jemgyýetiniň we “Merdana doganlar” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary işjeň gatnaşdylar.

Daşoguz şäheriniň bu ýaşaýyş toplumynda durmuş düzümine degişli möhüm desgalar — çagalar baglary, oýun meýdançalary göz öňüne tutulypdyr. Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr.

Milli Liderimiz ýolugra häzirki zaman talaplaryna kybap gelýän owadan binalary synlady.

Soňra täze jaýa göçüp gelen köp çagaly bagtyýar maşgalanyň çakylygy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bagtly jaý eýeleriniň öýünde myhmançylykda boldy.

Maşgalabaşy – kärendeçi Uzakbaý Esenow hormatly Prezidentimizi täze öýde garşylamagyň öz maşgalasy üçin uly mertebe hasaplaýandygyny aýtdy. Bagtly maşgalada 13 çaga — 8 ogul, 5 gyz kemala gelýär.

Uly ýaşly çagalar hem özleriniň bagtyýar durmuşy üçin milli Liderimize çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmagy arzuw edýändiklerini aýtdylar.

Körpeler bolsa özlerine mahsus mähirlilik bilen goşgy setirleri arkaly hoşallyklaryny aýtdylar.

Uzakbaýyň maşgalasy öz çagalaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň käbesi Ogulabat ejäniň mysalynda milli gymmatlyklara, däp-dessurlarymyza, watançylyga we zähmetsöýerlige hormat goýmak ruhunda terbiýeleýändigini buýsanç bilen gürrüň berdi.

Milli Liderimiz jaý eýelerinden täze öý, onda döredilen şertler barada pikirlerini sorady. Olar, öz nobatynda, ýurdumyzyň raýatlary barada edýän aladasy hem-de ýokary amatlylygyň häzirki zaman ölçeglerine kybap gelýän ajaýyp jaýda ýaşamaga döredilen mümkinçilikler üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

 

“Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-sy sowgat edildi

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi