DÜNÝÄ

Daşoguz şäherinde dört gatly öýleriň 70-si açyldy

Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalaryň açylyş dabaralary boldy.

71 gektar meýdany tutýan täze ýaşaýyş jaý toplumy ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Toplumyň düzümine jemi 1 müň 496 maşgala niýetlenen, ýerleşdirilişi has gowulandyrylan dört gatly öýleriň 70-si, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep, 240 orunlyk çagalar bagy, döwrebap saglyk we söwda merkezleri girýär.

Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz şäherinde-de soňky ýyllarda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Muňa soňky döwürde bu ýerde ulanmaga berlen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar hem şaýatlyk edýär.

Ýaşaýyş we desgalar toplumynyň çäginde ýerleşýän saglyk merkezi hem ýurdumyzda adam saglygy hakyndaky aladanyň döwletimiziň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Saglyk merkezinde hem halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin amatly şertler döredilipdir.

Saglyk merkezinde rentgen, barlaghana, hirurgiýa, dogrum, fiziobejergi, antenatal, sanjym otaglary we beýleki lukmançylyk otaglary ýerleşip, olar döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilipdir. Ýeri gelende bellesek, bu saglyk merkezinde Italiýa döwletinde öndürilen «Italraý» kompaniýasynyň mammograf enjamy welaýatymyz boýunça onkologiýa hassahanasynda hem-de şu saglyk merkezinde ýerleşdirilendir.

Toplumyň çäginde ýerleşdirilen söwda merkezinde ilata söwda hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu ýerde ýerleşdirilen söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän önümleri, hojalyk harytlary we beýleki durmuş hyzmatlary göz öňünde tutulandyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Hindistan: atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 25-nji gyşky mejlisine gatnaşdy

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

FIFA Gazada 50 sany futbol stadionyny gurar

Tokaýew: Prezident Tramp adyndaky baýragy döretmegi teklip etdi

Mariýa Zaharowa: Merkezi Aziýa döwletleri Russiýanyň iň ýakyn hyzmatdaşy