SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Daşary ýurtly metbugat wekilleriniň Türkiýä syýahatçylyk sapary – 2

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Serbiýanyň, Bolgariýanyň hem-de Gruziýanyň metbugat wekillerinden ybarat topar Türkiýe Respublikasynda syýahatçylyk saparynda bolýarlar. Bu toparyň arasynda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň habarçysynyň hem bardygy ýakymlydyr.

Bu metbugat topary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň tanyşdyrylyş çäreleriniň çäklerinde Türkiýäniň merkezinde ýerleşýän taryhy hem-de syýahatçylyk mekanlary bilen meşhur bolan Kaýseri, Ýozgat, Kyrşehir we Newşehir ýaly welaýatlarynda boldular. Bu syýahatçylyk saparynyň maksady Türkiýäniň syýahatçylyk ýerleriniň daşary ýurtlarda giňden tanyşdyrykmagyndan ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, topar özüniň syýahatçylyk saparynyň üçünji gününde Kyrşehir welaýatynda boldular.

Anadolynyň iň gadymy şäherlerinden biri bolan Kyrşehir tebigy gözellikleri, taryhy sungat eserleri, baý halk döredijiligi we pikirleri sebiti asyrlar boýy şöhlelendiren alymlar bilen Anadoly medeniýetiniň möhüm merkezidir. Söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Kyrşehir, Hitit, Pars, Rim, Gündogar Rim (Wizantiýa), Seljuk we Osman imperiýalaryny öz içine alýan taryhy emele getiren beýik siwilizasiýalara eýe boldy.

Bu taryhy sebitiň Kaman Kalehöýük muzeýine we ýapon seýilgähine baryp gören daşary ýurtly metbugat işgärleri Kyrşehir muzeýine, Ahi Ewran metjidine  we Jajabeý astronomiýa medresesine baryp gördüler.

Ýapon seýilgähi (başga ady Mikasanomiýa ýadygärlik bagy) Kaman etrabyndaky ýerleşýär. 1993-nji ýylda Ýaponiýanyň Ýakyn Gündogar medeni merkezi tarapyndan guruldy. Ýapon bagy Ýaponiýanyň çäginiň daşyndaky iň uly botanika bagy bolup, ýylsaýyn köp adamy özüne çekýär.

Kyrşehirde 100-den gowrak depe bar we hasaba alyndy; bular Kyrşehiriň taryhyň her döwründe ilatly nokat hökmünde ulanylandygyny subut edýär. Kalehöyük Kyrşehiriň Kaman etrabynda ýerleşýär. Kaman Kalehöyük arheologiki gazuw-agtaryş işleri 1986-njy ýylda başlandy; Adaty Anadoly depesi bolan Kalehöýükde geçirilen gazuw-agtaryş işleri Kyrşehiriň has irki oturymly taryhy barada düşünje berýär.

Kyrşehirdäki möhüm taryhy desgalaryň arasynda 1272-nji ýylda Kyrşehiriň häkimi Nureddin Jibril bin Jajabeý tarapyndan “Jajabeý Astronomiýa” medresesi guruldy. Medrese matematika, astronomiýa we beýleki ylymlar boýunça sapaklar okadyldy.

Jajabeý astronomiýasy medresesi özboluşly binagärligi sebäpli ünsi özüne çekýär. Onda Gün ulgamyndaky planetalary görkezýän otaglar we 21 metr beýiklikdäki gözegçilik diňi bar. Astronomiýa boýunça bilim beren ilkinji merkezleriň biri. Şeýle merkezleriň arasynda iň gadymylarynyň biri bolan bolmagy-da mümkin.

Bu sebitde metbugat wekilleri Abdal aýdym-saz merkezine hem-de türkiýäniň meşhur bagşylaryndna Neşat Ertaşyň medeniýet merkezine baryp gördüler.

Mundan başga-da, habarçylar toparyna Kapadokiýa sebitinde köp sanly ýerasty şäherler barada maglumat berildi. Irki döwürlerde bu ýeriň oturmly ýaşaýjylary goranmak, gaçybatalga we ybadat üçin köp sanly ýerasty şäherleri gurupdyrlar. Bularyň biri Kyrşehiriň Mujur etrabyndaky Mujur ýerasty şäheridir. Ýerasty şäher ýerden ýedi-sekiz metr aşakda ýerleşýär.

Ine şeýle täsinlikler hem-de taryhy we medeni ýadygärlikler toplumlary habarçylarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem habarçylara bu sebitiň milli tagamlayr hem hödür edildi.

 

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy