MEDENIÝET

Daşary ýurtly aýdymçylaryň arasynda türkmen aýdymyny aýtmagyň halkara bäsleşigi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde hasabat berildi.

Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, şanly senä bagyşlanan dürli bäsleşikler yglan edilýär. Döredijilik bäsleşikleriniň birnäçesi gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan yglan edildi. Bu ugurdaky işler dowam etdiriler.

Şu ýyl geçiriljek halkara çäreleriň hatarynda daşary döwletleriň estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda meşhur türkmen aýdymyny ýerine ýetirmegiň ussatlygy boýunça halkara bäsleşigini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş dizaýnerleriniň arasynda bezeg işleri boýunça halkara bäsleşigini yglan etmek göz öňünde tutulýar.

2021-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek halkara sport ýaryşlaryny ýokary derejede alyp görkezmek we teswirlemek işlerini ýola goýmak maksady bilen, şu ýylyň maý aýynda sport ýaryşlaryny teswirleýjileriň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, täze zehinleri ýüze çykarmakda ilaty, aýratyn hem ýaşlary döredijilige çekmekde döredijilik bäsleşiklerini geçirmegiň ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen birlikde, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara bäsleşikleriniň guralmagy ýurdumyzyň häzirki döwürde dürli ulgamlarda gazanýan üstünliklerini, halkymyzyň baý medeni-taryhy mirasyny wagyz etmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli çäreleri türkmeniň ruhuna mahsus ýagdaýda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy

Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyna pars dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

“Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Las-Wegasda türkmen zenan el sumkasy dünýäniň iň meşhur sport ýyldyzlarynyň ýadygärlikleriniň arasynda ýerleşdirildi

Dr.Döwran Orazgylyjov