BILIM

Daşary ýurt Diplomlary: Ykrar etmek üçin Resminamalaryň sanawy

Daşary Ýurt Döwletinde berlen Diplomy Türkmenistanda ykrar etdirmek üçin zerur resminamalaryň sanawyny biz saýtymyza öň birnnäçe gezek ýerleşdiripdik. Halkara uçar gatnawlarynyň adaty tertipde başlamagy bilen daşary ýurtda bilim alan talyplarymyzyň ýüzlerçesi ýurdumyza okuwlaryny tamamlap gelip başlady.  Halkara abraýly ýokary okuw mekdeplerini tamamlan talyplarymyz, ýurdumyza gelip diplomlaryny ykrar etdirmek isleýärler. Şol sebäpli bize “diplom ykrar etmek üçin haýsy resminamalar gerek?” diýip köp sanly soraglar gelýär. Bu sanawy öň saýtymyza ýerleşdirendigimize we bu barada Atavatan TV You Tube kanalyna wideo habar ýerleşdirip goýandygymyza garamazdan bu habary täzeden okyjylarymyza we tomaşaçylarymyza ýetirýäris. Bellemeli zat, ýakynda biz Size 2023-nji ýyl üçin diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny ýetieris. Bu sanaw 2023-nji ýylda daşary ýurtda bilim almak isleýän ýaşlarymyz we olaryň ene-atalary üçin peýdaly bolar diýip garaşýarys.

Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80 belgili buýrugy bilen tassyklanan we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylyň 13-nji aprelinde 1212 san bilen döwlet belligine alynan «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä» laýyklykda ministrlik tarapyndan daşary ýurt döwletlerinde okuwyň diňe gündizki görnüşinde okalyp alnan hünär bilimi hakyndaky resminamalar ykrar edilýär.

Gerekli Resminamalar:

  1. Arza (bellenen nusga boýunça) – 2 sany (el ýazuwynda);
  2. Döwlet tarapyndan okuwa ugradylan raýatlar üçin anketa (Bilim ministrliginde berilýär);
  3. Bellenen nusga boýunça özi barada maglumat – 2 sany;
  4. 4 sany 3х4 fotosurat;
  5. Bilim edarasynyň resmi blankynda ýazylan Arhiw kepilnamasynyň asyl nusgasy we 1 sany kopiýasy (türkmen diline terjimesi bilen – 2 sany); Arhiw kepilnamada aşakdaky maglumatlar görkezilen bolmaly:

– Arhiw kepilnama Ýokary okuw mekdebiniň resmi blankynda ýazylan;

– Okuwa kabul edilendigi, her okuw ýylyndan soňky okuw ýylyna geçirilendigi we okuwy tamamlandygy barada belgisi we senesi görkezilen ýokary okuw mekdebi boýunça çykarylan buýruklar.

– Buýruklaryň ýanynda okan döwründe okuwyň haýsy görnüşde (gündizki, gaýybana, agşamky) amala aşyrylandygy;

– Okan hünäri boýunça okuwyň (gündizki, gaýybana, agşamky) görnüşiniň kadalyk ölçeg möhleti (4 ý., 5 ý., 6 ý.);

– Diplomyň (şahadatnamanyň) seriýasy, san belgisi, berlen senesi.

– Kepilnama okuw mekdebiniň ýolbaşçysynyň (rektoryň ýa-da prorektoryň) goly bilen tassyklanan, GDA agza ýurtlar üçin döwlet tugraly möhür basylan bolmaly.

  1. GDA agzasy bolan ýurtlarda berlen Diplomyň 2 sany kopiýasy we 2 sany Türkmen diline resmi terjimesi. Resminama tabşyrylanda dplomyň asyl nusgasy görkezilmeli.

GDA agzasy bolmadyk ýurtlarda berlen diplom Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň konsulluk gullugy tarapyndan kanunlaşdyrylan bolmaly.

Kanunlaşdyrylan diplomyň 2 sany kopiýasy we 2 sany Türkmen diline resmi terjimesi. Resminama tabşyrylanda diplomyň asyl nusgasy görkezilmeli;

  1. Diplomyň goşundysynyň (ýa-da Diploma Supplement ýa-da Transkript) – 2 sany kopiýasy we 2 sany Türkmen diline resmi terjimesi. Resminama tabşyrylanda diplomyň goşundysynyň asyl nusgasy görkezilmeli;
  2. GDA agza ýurtlaryň bilim edaralarynyň akkreditasiýasynyň okuw mekdebi tarapyndan möhür bilen tassyklanan – 2 sany kopiýasy we 2 sany Türkmen diline resmi terjimesi.
  3. Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler, öňki okuw ýerinden aýratyn arhiw kepilnama getirmeli (asyl nusgasy we 1 sany kopiýasy) we 2 sany Türkmen diline resmi terjimesi;
  4. Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler ilki okan ýerinden akademiki kepilanama getirmeli (asyl nusgasy we 1 sany kopiýasy) we 2 sany Türkmen diline resmi terjimesi.

Akademiki kepilnamanyň asyl nusgasy ýok bolan halatynda, kopiýasy bilim edarasy tarapyndan möhür bilen tassyklanan bolmaly;

  1. Hünärini okuw döwründe üýtgedenler, akademiki aratapawutlaryny

özleşdirendigini tassyklaýan kepilnama getirmeli (asyl nusgasy we 1 sany kopiýasy) we 2 sany Türkmen diline resmi terjimesi;

  1. Raýat pasportynyň ähli sahypalarynyň kopiýalary – 2 sany;
  2. Daşary ýurt pasportynyň ähli sahypalarynyň kopiýalary – 2 sany. Okuw döwründe daşary ýurt pasportyny çalşanlar, resminamalaryny tabşyrmazdan ozal pasportyny çalşandygyny Bilim ministrliginiň resminamalary kabul edýän işgärine mälim etmeli;
  3. Türkmenistana we okan ýurdyna giriş we çykyş seneleri barada (nusga boýunça) düşündiriş haty;
  4. Bir sany Papka (20 faýl sahypaly) we bir sany aýratyn faýl;
  5. Okuwy 2000-nji ýyldan öň tamamlan raýatlar resminamalaryny tabşyrmazdan ozal okandygyny tassyklaýan haty almak üçin Bilim ministrliginiň resminamalary kabul edýän işgärine ýüz tutmaly. Okan ýerinden tassyklaýyjy haty geleninden soňra resminamalary iş topary tarapyndan kabul edilýär.
  6. Okuwy 2000-nji ýyldan öň tamamlan raýatlar iş kitapçasynyň 2 sany

kopiýasyny getirmeli (iş kitapçasy elinde ýok bolsa işgärler bölümi tarapyndan tassyklanan bolmaly);

  1. Ikinji ýokary bilim hakynda resminama, magistr derejesi hakynda resminama, orta hünär biliminiň ýa-da akademiki kepilnamanyň binýadynda alnan ýokary bilim hakyndaky resminamalar ykrar edilen ýagdaýynda ozalky bilimi hakynda resminamalarynyň 2 sany terjime edilen kopiýalary we bar bolan halatynda Ykrar şahadatnamasynyň kopiýasy – 2 sany.

* Resminamalaryň terjimeleriniň ählisi möhürlenen we asyl nusagada bolmaly.

* Resminamalar Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda terjime etdirilip bilner.

Resminamalaryňyzyň terjimeleriniň dogrylygyny özbaşdak barlamagyňyzy haýyş edýäris. Bilim ministrligi nädogry edilen terjimelerden ýüze çykýan näsazlyklar üçin jogapkärçilik çekmeýär.

* Resminamalar tabşyrylanda diplomyň (şahadatnamanyň) we diplomyň goşundysynyň, kepilnamalaryň asyl nusgalary hem-de resminamanyň eýesiniň we tabşyrmaga ynanylan şahsyň pasportlarynyň asyl nusgalary görkezilmeli.

* Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň iş topary zerur bolan ýagdaýynda raýatdan onuň daşary ýurtda okandygy barada anyklaýjy goşmaça maglumatlary sorap biler.

* 2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan öň okuwa girip okuwyň gaýybana görnüşinde tamamlanlar Bilim ministrliginiň resminamalary kabul edýän işgärinden goşmaça maslahat almaly.

Resminamalary kabul edýän bölümiň iş wagty:

Hepdäniň Duşenbe, Sişenbe, Çarşenbe, Penşenbe we Anna günleri

09:00 – 12:30 we 14:00 – 17:00 aralygy.

Dynç günleri we baýramçylyk günleri raýatlar kabul edilmeýär.

 

Habarlaşmak üçin telefonlar:

44-84-21

44-85-34

44-86-36

44-85-79

44-84-96

 

Daşary ýurtlarda bilim almak üçin resminamalaryň terjimesi boýunça Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin : 

+993 63 78 96 73 &  +993 12 96 48 55

Türkiýede bilim almak isleýän oglan-gyzlarymyzyň Stambul şäherinde ýerleşýän we bilim ulgamynda maslahat hyzmatlaryny berýän, Türkiýeden sanawa giren birnäçe ýokary okuw mekdebiniň Ygtyýarly wekili bolup durýan

Atavatan Danışmanlik Tercüme LTD şereketine ýüz tutup bilerler!

Habarlaşmak üçin : +90 532 401 71 52 & +90 530 251 36 73

atavatantranslation@gmail.com

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar