DÜNÝÄ

“Daragt” çeper filmi Kazan halkara kinofestiwalynda görkezildi

Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde «Altyn minbar» atly 21-nji Kazan halkara kinofestiwaly öz işine başlady. Bu abraýly kinofestiwalda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň iki çeper filmi – «Daragt» filmi bilen bir hatarda türkmen-özbek bilelikdäki «Magtymguly Pyragy» çeper filmi görkezilýär.

Türkmenistanly režissýor Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» (2023 ý.) atly çeper filmi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp surata düşürilen hem-de birnäçe halkara kinofestiwallaryna gatnaşan filmleriň biridir.

Kazandaky kinofesitwalyň başlanan ilkinji güni “Daragt” çeper filmi şäheriň “Mir” kinoteatrynda Tatarystanyň ýaşaýjylaryna hem-de onuň myhmanlaryna görkezildi.

Kinofestiwala gatnaşýan türkmenistanly režissýor Sahysalyh Baýramow bilen çeper filmiň görkezilişiniň öňüsyrasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Sahysalyh Baýramow kinomuşdaklaryna hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda kino sungatynyň düýpgöter ösdürilýändigini, her ýyl köp sanly çeper we dokumental filmleriň surata düşürilýändigini belledi.

Şeýle hem geljek ýyl Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredilmegine 100 ýyl dolýandygyny belläp, geçen döwürde dülri göwrümdäki filmleriň surata düşürilip, köp sanly baýrakly orunlaryň eýelenendigini bellän türkmen režissýory şol bir wagtda özüniň surata düşüren “Daragt” çeper filmi barada hem gyzykly gürrüň berdi.

“Daragt” çeper filmi hakyky wakalardan esaslanyp, surata düşürilen kino eseridir. Onda filmiň baş keşbi Näzigiň ykbaly barada gürrüň edilýär. Näzigiň adamsy meýletin fronta gidýär, ol bolsa uzak ýyllaryň dowamynda onuň dolanyp gelmegine garaşýar. Adamsy gitmezinden öň eken agajy gurap galsa-da, Näzik ony suwarmagy dowam etdirýär we ýagty geljege bolan ynamyny ýitirmeýär.

Şeýle giň göwrümli çeper filmleriň Türkmenistanda döwletimizde yzygiderli surata düşürilmegi hem-de onuň halkara kinofestiwallaryna gatnaşdyrylmagy türkmen kino sungatynyň dünýädäki abraýynyň barha beýgelýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Üstümizdäki ýylda Kazan şäherinde geçirilýän «Altyn minbar» atly 21-nji Kazan halkara kinofestiwaly giň gerimde geçirilýär. Onuň açylyş we ýapylyş dabaralary Kamala teatrynyň täze binasynda geçirilýär.

21-nji Kazan halkara kinofestiwaly üçin 67 döwletden 845 ýüz tutma kabul edildi. Festiwalyň guramaçylarynyň bellemegine görä, festiwalyň çäklerinde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň hem-de Afrikanyň kino günleri geçiriler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Türkmenistan bilen Eýranyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanynda hemişelik wekilhanalary açylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti «Global Rail 2025» atly Halkara sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada geçirilen «Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny» atly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Horwatiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy