BILIM

Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi: Talyp:2021

MAÝA KULYÝEWA ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASYNYŇ ÝANYNDAKY DAŇATAR ÖWEZOW ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET ÝÖRITE SAZÇYLYK MEKDEBI

2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Býujet esasynda: 1. Türkmen milli saz gurallary. 2. Halk saz gurallary. 3. Kirişli saz gurallary. 4. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary. 5. Sazyň taryhy we nazaryýeti. 6. Aýdym aýtmak sungaty (wokal). 7. Bagşyçylyk sungaty. 8. Hor dirižýorlygy. 9. Saz mugallymçylygy. 10. Fortepiano. 11. Horeografiýa sungaty. Ýörite sazçylyk mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Ýörite sazçylyk mekdebiniň horeografiýa sungaty (halk tansy) hünärine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdepleriniň tans bölümini tamamlan, şeýle-de döredijilik we tans toparlarynda tansçy bolup azyndan 2 ýyl işlän ýa-da iş döwri bolan oglan-gyzlar kabul edilýär. Ýörite sazçylyk mekdebiniň aýdym aýtmak sungaty (wokal) hünärine 18 ýaşyny dolduran, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatyny, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerini tamamlan oglan-gyzlar kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — sazçylyk bilimi barada resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — şahsy pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde (Aşgabat ş.) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär: Balkan welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri; Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri; Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7-si günleri; Ahal welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 10-y we 11-i günleri; Lebap welaýaty — awgust aýynyň 13-i, 14-i we 15-i günleri; Mary welaýaty — awgust aýynyň 17-si, 18-i we 19-y günleri. Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: hünär: sazyň taryhy we nazaryýeti — hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy; hünär: horeografiýa sungaty — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy; hünär: aýdym aýtmak sungaty (wokal) — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy; beýleki hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy. Giriş synaglary sungat mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça bolsa Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22, tel.: 92-54-84.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar