SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi.

Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň we ýurduň beýleki pudaklarynyň wekilleri, akkreditlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Brifingde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça hünärmeni, wekiliýetiň başlygy Katrin Smallwood we BSGG-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekili Paulina Karwowska, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow, daşary işler ministri Raşid Meredow we BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa çykyş etdi.

“ATAVATAN TÜRKMENISTANŽURNALY: ILKINJI BOLUP HABAR BERDI

Brifinge gatnaşan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty bu metbugat ýygnagy baradaky habarlary ilkinji bolup, okyjylar köpçüligine ýetirdi. Internet sahypasymyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça hünärmeni, wekiliýetiň başlygy Katrin Smallwoodyň Türkmenistanda “Covid 19” pandemiýasy boýunça resmi wakanyň hasaba alynmandygy we bu babatda Türkmenistanyň Ýewropada ýeke-täk ýurtdygy baradaky çykyşyny ilkinjileriň hatarynda okyjylary ýetirdi.

SMALLWOOD: TÜRKMENISTANDA “COVID 19 PANDEMIÝASY BOÝUNÇA RESMI WAKA HASABA ALYNMADY

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça hünärmeni, wekiliýetiň başlygy Katrin Smallwood brifingde eden çykyşynda Türkmenistanda “Covid 19” pandemiýasy boýunça resmi wakanyň hasaba alynmandygyny we bu babatda Türkmenistanyň Ýewropada ýeke-täk ýurtdygyny belledi.

Ol şeýle hem öz çykyşynda BSGG-niň Türkmenistan tarapyndan koronawirusyň ýurda girmeginiň öňüni almak üçin görülýän ähli çäreleri goldaýandygyny mälim etdi.  Şeýle hem ol wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin halk bilen aragatnaşygy berkitmegi we zerur maglumatlary halka ýetirmegi maslahat berilýändigini mälim etdi. Katrin Smallwood  Türkmenistan bilen bilelikde alyp barýan işleri üçin türkmen tarapyndan öz minnetdarlygyny bildirdi.

TÜRKMENISTANDA ÄHLI ZERUR DERMAN SERIŞDELERI BAR

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow öz çykyşynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hünärmenleri “COVID-19” boýunça öňüni alyş çärelerini durmuşa geçirmekde ýurda bahasyna ýetip bolmajak goldaw berendiklerini belledi.

6-njy iýulda başlanan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde hünärmenler dürli lukmançylyk edaralaryna, serhet gözegçilik nokatlaryna baryp, bu ugurda jogapkär hünärmenler bilen duşuşandyklaryny, “COVID-19” hadysalarynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak we olara garşy göreş, gözegçiligi guramak, laboratoriýa anyklaýyş, näsaglary kliniki dolandyrmak, ýokanç gözegçiligi bilen tanşandyklaryny aýtdy.

Şeýle hem ministr “COVID-19” pandemiýasynyň öňüni almak we epidemiýa garşy çäreleri güýçlendirmek üçin ýurtda pudagara meýilnamanyň durmuşa geçirilýändigini mälim etdi.

Ministriň aýtmagyna görä, 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri beýleki ýurtlar bilen howa aragatnaşygy wagtlaýynça togtadyldy, raýatlaryň girmegi we çykmagy, gury ýer, derýa, deňiz ulaglary we sebitleriň arasyndaky ulag gatnawlary çäklendirildi. Jemgyýetçilik ýerlerini we jemgyýetçilik ulaglaryny dezinfeksiýa etmek amala aşyrylýar. Ýurtda wirusa garşy, antibakterial we beýleki dermanlar, dezinfeksiýa serişdeleri, şahsy gorag enjamlary, “COVID-19” anyklamak üçin synag ulgamlary we ş.m. ýeterlik ätiýaçlyklar döredildi.

Serhetýaka sebitlerde ekzogen faktorlaryň zyýanly täsirleriniň öňüni almak üçin uçarlar arkaly dezinfeksiýa işleri amala aşyrylýar. Aral deňziniň düýbünden aýratyn zyýanly maddalary göterýän tozan-duz akymlarynyň müňlerçe kilometre ýaýrandygy we adam ömrüne hakyky howp döredýändigi mälim edildi. Şeýle hem, bu sebäpli 6-njy iýuldan başlap lukmançylyk hünärmenleri, hyzmat işgärleri üçin hökmany suratda lukmançylyk örtüklerini geýmek kararyna gelendiklerini aýtdy.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekilýetiniň saparynyň netijelerine görä,  Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilermenleriň ähli tekliplerini göz öňünde tutup, degişli işleri alyp barmagy meýilleşdirýär.

Şeýle hem ministr öz çykyşynda düýn BSGG-nyň Ýewropa sebit bölüminden dermanlaryň täze tapgyrynyň Türkmenabadyň halkara howa menziline gelip gowşandygyny aýtdy.

TÜRKMENISTANDA ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI GÜÝÇLENDIRILDI

Brifinde gatnaşan daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanda COVID-19” boýunça öňüni alyş çärelerini durmuşa geçirmekde ähli işleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi. Ministriň aýtmagyna görä, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekilýetiniň beren teklipleriniň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan seljerilip, durmuşa geçiriljekdigini belledi.  Ministr bu babatda aýtmak bilen, Tükrmenistanyň BMG-niň we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirýändigini, koronawirus ýokanjynyň öňüni almak babatda BMG-niň Türkmenistandaky düzümleri bilen bilelikde milli meýilnamalaryň taýýarlanandygyny, ýene-de 3-nji meýilnamanyň, esesanm hem ynsanperwer ugurlary boýunça täze milli meýilnamany taýýarlamak işine girişiljekdigini belledi.

  • Demirýol, şäherara awtobus gatnawlary wagtlaýyn togtadyldy.
  • Giň gerimli işleiň netijesinde, mekdpe okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi tamamlandy we çagalar mundan beýläk öýlerinde bolarlar.
  • Göz öňünde tutulan medeni we dini çäreler hem-de maslahatlar ýatyryldy.
  • Köpçülikleýin çäreler togtadyldy.
  • Aşgabat şäheri we welaýatlkardaky iri söwda merkezleriniň işleri wagtlaýyn togtadyldy.
  • Howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan daşary artmagy netijesinde, ýüze çykyp biläýjek dürli ýokanç keseller zerarly adamlaryň lukmançylyk örtüklerini dakmagy maslahat berildi we bu işler ýola goýuldy.
  • Ýokary okuw mekdepleriniň we ortä hünär mekdepleriniň giriş synaglary welaýatlarda geçiriler.

Şeýle hem brifingde çykyş eden BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa hem Türkmenistanyň koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek babatda alyp barýan işlerine ýokary baha berip, bu barada halk köpçüliginiň yzygiderli habarly edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder