SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Covid-19-a garşy zerur serişdeler satyn alnar

«Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary tarapyndan ykdsadyýetimize ýeňillikli karzlary çekmek boýunça halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bütindünýä bankyndan Covid-19-a garşy hereket etmek taslamasy boýunça tizleşdirilen tertipde 20 million amerikan dollary möçberinde karz serişdelerini çekmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy mälim edildi.

Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz hödürlenen kararlara gol çekip, Halkara Täzeleniş we Ösüş bankyndan hem-de Bütindünýä banky toparyndan alnan serişdeleriň koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin zerur bolan abzallary, derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny, ýagny bu abzallar üçin reaktiwleri hem-de sanjym etmek üçin şprisler satyn almaga gönükdirilmelidigini belledi.

 

Gurban bayramy bellemek hakyndaky Permana gol çekildi

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi