Saud Arabystanynyň şazadasy Muhammed ben Salman tarapyndan 2017-nji ýylda ilkinji gezek yglan edilen mega şäher taslamasyndan mahabat suratlary ýaýradyldy. Taslama tamamlanandan soň, takmynan 500 milliard dollar sarp etmek bilen 9 million ilat üçin ägirt uly şäher peýda bolar.
Saud Arabystany çölüň ortasynda gurmagy meýilleşdirýän “Line” atly mega şäher taslamasy babatda käbir maglumatlar çap edildi.

Ini bary-ýogy 200 metr, ýöne uzynlygy 170 kilometr barabar bolar. Deňiz derejesinden 500 metr beýiklikde bolar.
Bu dikligine uzalyp gidýän şäheriň aýratynlykly tarapy onda awtomobil ýollary bolmaýar. Ýokary tizlikli otly gatnawlary bolar.
Kuwwatyny 100% täzelenip bilýän energiýadan alar we daşky gurşawa uly ähmiýet berilýän şäher ýüze çykar.
2030-njy ýyla çenli 1,5 million adam üçin ýaşaýyş şertlerini döretmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistandan Belarus ugry boýunça ýörite uçar gatnawy
