BIZNES

«Coca Cola» jogap berdi…

«Coca Cola»  kompaniýasy Portugaliýanyň ýygyndysynyň kapitany Kriştiano Ronaldonyň Wengriýa bilen oýundan öňki  (3-0)geçirilen metbugat maslahatynda gazly suwly çüýşeleri bir gyra süýşürip goýmagy bilen bagly pikirlerini beýan etdi.

Kompaniýanyň beýanatynda her kimiň suw içmek üçin özboluşly isleginiň bardygyny belläp, olaryň dürli-dürlüdigine ünsi çekdi.

Dünýä metbugatynda ýazylan habarlara görä, Ronaldonyň bu hereketleri sebäpli «Coca-Cola» 4 milliard dollar ýitgi çekdi. Ýöne kompaniýa bu habarlaryň hakykata esaslanmaýandygyny aýtdy.

Ýeri gelende aýtsak, Ronaldo ozal hem «Coca-Cola» we «Pepsi» içgilerini ulanmaýandygyny birnäçe gezek aýdypdy. Ol hiç wagt bu  içgileri mahabatlandyrmandygyny, hat-da ogluna hem içmegi gadagan edendigini aýtdy.

 

Ýewro-2020: 19-njy iýundaky duşuşyklar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder