Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi.
“CNPC-niň” ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. HHR-iň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny berkitmäge çalyşýarlar hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna, iri düzümleýin taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanyň Hytaý bilen strategik häsiýete eýe bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtap, deňhukuklylyk, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgelerine we taraplaryň hoşmeýilli erkine esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze many-mazmun bilen üstüniň ýetirilendigini belledi. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, ýangyç-energetika ulgamynda özüni ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde görkezen “CNPC-niň” köpýyllyk gatnaşyklardaky oňyn ornuny kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de HHR-iň iri korporasiýasynyň ýolbaşçysy bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda nebitgaz ulgamyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeli döwletara gatnaşyklaryň ajaýyp nusgasydygy nygtaldy. Häzirki wagtda türkmen “mawy ýangyjynyň” Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijisini gurmak boýunça amala aşyrylan bilelikdäki taslama bu hyzmatdaşlygyň miwesidir.
Taslama ähli gatnaşyjylaryň — önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitlerini göz öňünde tutýan XXI asyryň bu ägirt uly taslamasy ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan sebit we dünýä energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň pudaga iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary çekmek arkaly milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi. Şunda gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrylan turba geçiriji düzümleri kemala getirmek, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän innowasion önümçilikleri döretmek esasy wezipeler bolup durýar. Bularyň ählisi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza “CNPC-niň” ýurdumyzda alyp barýan işleri barada habar berdi. “CNPC-niň” “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge hem-de dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz känini enjamlaşdyrmaga işjeň gatnaşmagy netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk mysalydyr. Şeýle hyzmatdaşlygyň esasynda türkmen tebigy gazy Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iberilýär. Şunda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyry hem-de Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak babatda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň möhümdigi bellenildi.
“CNPC-niň” ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize Lebap welaýatynda “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň 18-nji iýunda geçirilen açylyş dabarasyna gatnaşandygy üçin hem-de energetika ulgamynda döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Bu ileri tutulýan ugurdaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň başlangyçlary — Hytaýyň öňe sürýän “Bir guşak — bir ýol” konsepsiýasy hem-de Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça amala aşyrýan strategiýasy bilen baglylykda uly geljeginiň bardygy bellenildi. Işewür hytaýly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza, şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de “CNPC-niň” ýolbaşçysy umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän köpýyllyk, ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.
13 ýylda: Türkmenistandan Hytaýa 334 milliard kub metrden köp tebigy gaz iberildi