Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyndepe, gadymy Merw, Soltan Sanjaryň mawzoleýi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir. Şeýle ýadygärlikleriň biri hem Balkan welaýatynda ýerleşýär.
Magtymguly etrabynyň Çendir jülgesiniň Ak obasynyň golaýynda, Gyzyl Ymam gonamçylygyň günorta-günbatarynda ýerleşýän, gadymdan dikeldilen, ýogynlygy 30-40 santimetre ýetýän, iň beýigi ýerden 5 metrden gowrak saýlanyp duran daşlar öz ýasalyş aýratynlyklary boýunça ençeme jogapsyz sowallary orta atýar. Bu täsin mesgen baradaky ilkinji maglumatlar baryp 1929-njy ýylda peýda bolýar. Olary ilkinji bolup şol döwrüň belli alymlary A.P.Poseluýewskiý, W.E.Masson we beýlekiler öwrenipdirler. Şol alymlar olary başujy daşlar diýip, hasaplapdyrlar. Emma muny alymlar H.Meläýew we M.Geldiýew ol ýere baryp synlanyňda iň günorta-günbatarda oturdulan daşdan beýlekilerine seredilen halatynda welin bu daşlaryň bir maksat bilen oturdylandyr diýip çaklaýar. Bu uzyn daş diňlerindäki käbir ýazgylar bu ýerden 8 kilometr uzaklykdaky Bezegli deräniň gaýalarynyň diwarlaryndaky mundan ençeme asyr öň çekilen käbir ýazgy lary ýa-da salýar. Diýmek, ol ýazgylary şol ýerlerde ýaşan adamlaryň ýa-da olaryň nesilleriniň galdyrypdyr diýip çaklamaga mümkinçilik berýär. Emma A.Annaýe- wiň toplan maglumatlarynda hem-de meýdan ýazgylarynda bu daşlaryň Mazarüsti sütünlerdigi bellenilýär. Bu ýerde ýaşaýan ilat tarapyndan bu ýerlerde gadymy gereýli taýpasynyň ýaşandygy hem aýdylýar. M.Ýe.Masson gereýlileriň gelip çykyşy mongollaryň kerait taýpasyndan bolmagy mümkin diýip belläpdir. Emma A.Annaýewiň işinde gereýli taýpasy bolsa aslynda türkmen taýpasydyr diýip bellenilýär..
Ýene-de astronom H.Meläýewiň hem-de etnograf M.Geldiýewiň işlerine dola- nanymyzda bu beýik daşlaryň kiçi daşlara görä ýerleşdirilişini deňeşdiripdirler, hem-de olar Türkmenistanda, şeýle-de adamzat siwilizasiýasynda iň gadymy dörän sada obserwatoriýa diýip çaklapdyrlar. Olar bu batda Angliýanyň “Stounhenge” obserwatoriýasyndaky daşlar boýunça pasyllaryň çalyşmagy, Aýyň we Günüň tu- tulmaklaryny kesgitlemek üçin oturdylana meňzeýär diýip mysal getiripdirler.
Daşlary gören adamlarda ilki bilen döreýän sowallaryň biri hem “Bu daşlar nireden getirildikä?” diýen, sowal bolsa gerek. Çünki ýakyn alyslarda asla şeýle uzynlykdaky daşlarey tapar ýaly ýeriň ýoklugy mälim. Bu daşlaryň anygyna ýet- mek üçin bu ýererde hemmetaraplaýyn arheologiýa we astronomiýa ylymlaryna görä ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi zerurdyr. Eger bu daşlar hakykatdan hem türkmen obserwatoriýasy bolup çykaýsa, onda bu ylym we taryh üçin iňňän uly äh- miýete eýe bolar we Türkmenistanyň taryhynda ýene-de bir ajaýyp altyn sahypanyň açylaýmagy mümkin.
Aşgabat şäheriniň 41-nji orta mekdebiniň
taryh mugallymy Tawus Saparowa,
Aşgabat şäheriniň 41-nji orta mekdebiniň
11-nji synp okuwçysy Kerim Myradow.