SPORT

Çempionlar ligasynyň ilkinji finalçysy: “Mançester Siti”

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda Angliýanyň “Mançester Siti” topary öz meýdançasynda Fransiýanyň Neýmarly, Mbappeli “PSŽ” toparyny 2:0 hasabynda utup, finala çykdy.

Bir hepde mundan ozal, Fransiýada geçirilen duşuşykda hem 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Mançester Siti” topary Ýewropany yklymynyň iň abraýly kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň finalynda çykyş etmäge mümkinçilik aldy. Toparyň tälimçisi Pep Gwardiolanyň bu üçünji finaly bolýar. Ýöne ol munuň üçin 10 ýyl garaşmaly boldy.

Iňlis topary 51 ýyldan soňra Ýewropanyň naýbaşy kubogynyň finalyna çykmagy başardy. Mundan ozal, 1970-nji ýylda UEFA-nyň Kubogynyň ýeňijileri kubogynyň finalynda ýeňiş gazanypdy.

Fransiýanyň topary gowy oýun görkezen hem bolsa tapawutlanyp bilmedi. “PSŽ” toparynyň düzüminde Anhel Di Mariýa duşuşygyň 69-njy minutynda gyzyl petek alyp oýundan çykaryldy.

Angliýanyň “Mançester Siti” topary düzüminde duşuşygyň 11-nji hem-de 63-nji minutlarynda Riýad Marez tapawutlandy.

Çempionlar ligasynyň finaly 29-njy maýda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriler.

 

Dünýä belli tälimçi “Roma” toparyna tälim berer

 

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri