UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalynda duşuşjak toparlar belli boldy. Finalda Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen Angliýanyň “Liwerpul” topary duşuşar.
Ispaniýanyň “Real Madrid” topary ilkinji duşuşygynda 4:3 hasabynda ýeňlen Angliýanyň “Mançester Siti” toparyny öz meýdançasynda 3:1 hasabynda utup, finala çykdy.
SALAHYŇ ARZUWY HASYL BOLDY
Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň müsürli hüjümçisi Mohamed Salahyň arzuwy hasyl boldy. Ol finalda “Real Madrid” topary bilen duşuşmagy arzuw edipdi.
![]()
“REAL MADRID” ÖZ MEÝDANÇASYNDA JADYLAÝJY GÜÝJE EÝE
Ispaniýanyň “Real Madrid” topary gazanan 13 kubogy bilen Ýewropanyň futbol ýaryşlarynyň öňdebaryjy toparydyr. Öz meýdançasynda jadylaýjy güýje eýe bolan “Real Madrid” 73-nji minutda Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň futbolçysy Riýad Mareziň geçiren goly bilen 1:0 hasabynda yza galandygyna garamazdan, 90-njy minutda Rodrigo we 90+1-nji minutda ýene-de Rodrigonyň gollary bilen öňe saýlandy.
95-nji minutda bolsa Karim Benzemanyň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly bilen finala çykdy.
“REAL” BILEN “LIWERPUL” 3-NJI GEZEK FINALDA DUŞUŞAR
Şeýlelikde, Ispaniýanyň “Real Madrid” topary Angliýanyň “Liwerpul” topary bilen finalda duşuşar we final duşuşygy 28-nji maýda Pariž şäherinde oýnalar.
Bu iki topar 3-nji gezek finalda duşuşar. Olaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk 1981-nji ýylda bolupdy we onda “Liwerpul” topary ýeňiş gazanypdy.
2018-nji ýyldaky duşuşykda bolsa, “Real Madrid” topary 3:1 hasabynda ýeňipdi. 2018-nji ýyldaky finalda Mohamed Salah oýnuň başlarynda şikes alyp çykypdy. Şonuň üçin Salah finalda ýene-de “Real Madrid” bilen duşuşmagyň arzuwyny etdi.
