SPORT

Çempionlar ligasynyň bijeleri: Messi bilen Ronaldo bir toparda

Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Ýewropanyň abraýly kubok ýaryşlarynyň biri bolan Çempionlar ligasynyň täze möwsümi üçin bijeler çekildi.

Ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynyň senenamasy soňra mälim ediler. Ilkinji duşuşyk 20-nji oktýabrda başlap, topardaky oýunlar 9-njy dekabrda tamamlanýar. Çempionlar ligasynyň 2020/21-nji ýyldaky finaly 29-njy maýda Türkiýäniň Stambul şäheriniň Olimpiýa stadionynda geçiriler.

Mundan ozal, dünýäniň iň güýçli futbolçylary hasaplanýan Messi bilen Ronaldonyň arasyndaky özara bäsleşigi Ispaniýanyň çempionatynda gören bolsak. Indi ony Çempionlar ligasynda hem görmek bolar. Ronaldonyň Italiýa gaýtmagy bilen olaryň özara bäsleşigi galypdy.

Bu gezek olaryň ýollary Çempionlar ligasynda kesişdi. Ronaldonyň “Ýuwentus” topary bilen Messiniň “Barselona” topary “G” toparçasynda güýç synanyşar.

 

Çempionlar ligasynyň toparçalarynyň sanawy:

“A” topary: “Bawariýa” (Germaniýa), “Atletiko Madrid” ( Ispaniýa), “Red Bullu Zalsburg” (Awstriýa), “Lokomotiw” (Russiýa).

“B” topary: “Real Madrid” (Ispaniýa), “Şahtýor” (Ukraina), “Inter” (Italiýa), “Borussiýa Menhengladbah” (Germaniýa).

“C” topary: “Porto” (Portugaliýa), “Mançester Siti” (Angliýa), “Olimpiakos” (Gresiýa), “Marsel” (Fransiýa).

“D” topary: “Liwerpul” (Angliýa), “Aýaks” (Niderlandlar), “Atalanta” (Italiýa), “Midtýullann” (Daniýa).

“E” topary: “Sewilýa” (Ispaniýa), “Çelsi” (Angliýa), “Krasnodar” (Russiýa), “Renn” (Fransiýa).

“F” topary: “Zenit” (Russiýa), “Borussiýa Dortmund” (Germaniýa), “Lasio” (Italiýa), “Brýugge” (Belgiýa).

“G” topary: “Ýuwentus” (Italiýa), “Barselona” (Ispaniýa), “Dinamo Kiýew” (Ukraina), “Ferenswaroş” (Wengriýa).

“H” topary: “PSŽ” (Fransiýa), “Mançester Ýunaýted” (Angliýa), “Leýpsig” (Germaniýa), “Istanbul Başakşehir” (Türkiýe).

 

 

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Katar 2036-njy ýylda Olimpiýa oýunlaryny kabul etmäge taýýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» rallisinde birinjiligi eýelediler

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk 26-njy sentýabrda geçiriler

“Mançester Ýunaýted” täze hüjümçisini hödürledi

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi futbol boýunça dünýä çempionatyndan 3,3 milliard dollar girdeji alar

Ata Watan Eserleri

Ukrainaly boksçy dünýäniň absolýut çempionlygy gaýdyp aldy