JEMGYÝET

“Çelşi” topary klublar boýunça dünýä çempiony boldy

Bir aý ABŞ-da dowam eden klublar boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Düýn FIFA tarapyndna gurnalan we baýragy 1 milliard dollara deň bolan bu çmepionatyň final duşuşygy geçirildi. Onda Angliýanyň “Çelsi” topary bilen Fransiýanyň “PSŽ” topary duşuşdy. Duşuşyk 3:0 hasabynda iňlis toparynyň peýdasyna tamamlandy.

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherinde geçirilen final duşuşygyna ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem-de onuň maşgalasy Melaina Tramp hem tomaşa etdi.

“Çelsi” toparynyň düzüminde Koul Palmer hem-de Žoao Pedri tapawutlandy. Duşuşygyň 86-njy minutynda bolsa, “PSŽ” toparynyň futbolçysy Žoau Neweş gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy.

Şeýlelikde, “Çelsi” topary taryhynda 2-nji gezek bu çempionatda ýeňiji boldy. Ilkinji gezek bu çempionat 32 toparyň gatnaşmagynda bir aý dowam etdi.

Klublar boýunça dünýä çempionayt ilkinji gezek täze görnüşde geçirilip, oňa gatnaşdyrylan 32 topar ilki bilen toparçalarda bäsleşdiler. Bavragy 1 milliard dollar bolan bu ýaryşda ýeňiji 125 million dollar gazandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär