SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Çehiýa — syýahat üçin gyzykly döwlet

Dünýäde syýahat etmek üçin ençeme nokatlaryň bardygy hemmämize mälim bolsa gerek. Her bir ýeriň öz taryhy, medeniýeti hemmeleri gyzyklandyrýar, haýrana goýýar. Her bir döwletiň özboluşly tebigaty, medeniýeti, sungaty bar. Olar barada okamak, tanyşmak belki-de gyzykly bolsa gerek. Biz hem gündelik metbugatda çap edilýän makalalara salgylanyp, sizi Çehiýa döwleti bilen bagly gyzykly maglumatlar bilen tanyş etmegi makul bildik.

Syýahat etmek üçin gyzykly ýerleri:

Çagalaryň sungat galereýasy — 5-12 ýaşly çagalar üçin niýetlenilen interaktiw ýerleriň biri. Bu ýerde körpeler diňe bir sungat eserlerini görmek bilen çäklenmän, eýsem olary öz pikir-garaýyşlaryna görä üýtgedip hem bilýärler. Mundan başga-da, ol ýerde kagyzyň, plastiliniň, reňkleriň kömegi bilen dürli sungat eserlerini döredip bolýar. Kosmos giňişligi bilen gyzyklanýan çagalar üçin Brno şäherinde ýerleşýän obserwatoriýa we planetariýa syýahat etmek maslahat berilýär. Bu ýerde ýyldyzlara we planetalara syn etmek bilen bir hatarda, kosmos ylmy barada gyzykly maglumatlary hem öwrenip bolýar. Bu şäherde ýerleşýän «VIDA» atly ylmy-dynç alyş merkezinde hem ençeme interaktiw eksponatlar bar. Bu ýere gelenler 3D ölçegli kinofilmlere tomaşa edip, zehin oýunlarynda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler.

10 müň inedördül metrden gowrak meýdany tutýan «Aquapalace» atly akwaseýilgäh hem çagalaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin iň täsin seýilgähleriň biridir. Bu ýerde beýiklikden suwa taýyp gaýtmak üçin ençeme desgalar, çüwdürimler, suw attraksionlary, futbol meýdançalary bar.

Praga şäherinde ýerleşýän “Dinopark” seýilgähinde hem dinozawrlar hakynda 4D ölçegli filmlere we dinozawrlaryň köpsanly eksponatlaryna syn etmek bolýar. Bu şäherdäki «Choco Story» atly şokolad muzeýi, oýnawaçlar muzeýi, Karl Zeman muzeýi… ýaly ýerler hem syýahatçylarda uly täsirleri galdyrýar.

Çehiýada diňe bir çagalary däl, eýsem uly ýaşly adamlary hem haýrana goýýan ýerleriň biri «Duýgular muzeýidir». Bu muzeýde 50-ä golaý dürli attraksionlar bar. Suwuň damjalarynyň ýokardan aşak däl-de, aşakdan ýokary damýandygyny diňe şu ýerde görüp bolýar. Ol ýere syýahat eden adamlar diwarlaryň hem ýüzünde arkaýyn ýöräp bilýärler hem-de diwaryň içinden geçip, kert gaýanyň gyrasynda durýarlar. Mahlasy, bu ýere gelenler dürli duýgulary başdan geçirýärler.

Çehiýa hakynda gyzykly maglumatlar

  • Çehiýa 1895-nji ýylda esaslandyrylan dünýä belli “Şkoda” awtomobiliniň watanydyr.
  • 1959-njy ýylda çeh himigi Otto Wihterle göze dakylýan ilkinji linzalary döredýär.
  • Eserlerini nemes dilinde ýazan dünýä belli ýazyjy Frans Kafka Praga şäherinde dünýä inýär we şol ýerde ýaşaýar.
  • 1907-nji ýylda dünýäde ilkinji gezek gany dört topara bölen çeh lukmany Ýan Ýanskiýdir.
  • «Robot» sözi ilkinji gezek 1920-nji ýylda Karel Çapekiň «Rossum uniwersal robotlary» atly pýesasynda ulanylýar. Spektakl fabrikdäki robotlar hakynda bolup, soňra iş maşynlaryny robotlaryň ady bilen tutmaklyk teklip edilýär.
  • ABŞ-nyň «Hollywood» kompaniýasynyň birnäçe kinofilmleri Çehiýada düşürilýär.
  • Çehiýanyň 12 sany ýadygärligi ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilendir.
  • Ýurtda 2000-den gowrak galalar bar.

Ýene-de okaň

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy