Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda “TataAgroExpo – 2022” atly uly göwrümli ýöriteleşdirilen oba hojalyk sergisi geçirildi. Iki günüň dowamynda 200-den gowrak kompaniýa tehnika we ätiýaçlyk şaýlary, maldarçylyk we ekin öndürmek üçin çözgütler, şeýle hem sebitdäki maýadarlara we oba hojalyk öndürijilerine önümleri gaýtadan işlemek üçin enjamlary hödürledi.
Biziň ýurdumyzda hem giňden ulanylýan “Case” we “New Holland” kysymly oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän “CNH Industrial” kompaniýasy özüniň täze tehnikalaryny, ýagny oba hojalyk üçin niýetlenen traktorlary görkezdi.
Kompaniýanyň hödürlän “Case IH Magnum 340” kysymly traktorlary köp maksatly oba hojalyk tehnikalary hökmünde oba hojalyklarynyň arasynda gowy abraý gazandy. Ýokary öndürijilikli traktor alty silindrli hereketlendiriji bilen üpjün edilýär we 340 at güýjüne deň güýji berýär. Şol bir wagtyň özünde, ECE R 120 standartyna görä ölçenen iň ýokary güýç 374 at güýjüne deňdir.
Ýöne häzirki wagtda diňe güýç ýeterlik däl, akylly sanly ulgamlary ulanmak aýgytly bolýar. Bu ýerde “Magnum 340” traktory ösen Önümçilik Ulgamlary (AFS) takyk ekerançylyk ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan bazaryň öňdebaryjysydyr. Indi traktor operatory we eýesi önümçilik siklini dolandyrmaga ukyply, işde takyklyk gazanyp, çykdajylary azaldýar we hasyllylygy ýokarlandyrýar.
“CNH Industrial” (NYSE: CNHI / MI: CNHI) gurluşyk we oba hojalygy üçin dünýä derejesindäki enjamlary öndürýän we dürli hyzmatlary hödürleýän kompaniýadyr. Kompaniýanyň “Case IH”, “New Holland” we STEYR ýaly brendleri ähli oba hojalyk programmalaryny özünde jemleýär.
Akmuhammet Döwletmyradow, S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ
Oba hojalygynyñ mehanizasiýasy fakultetiniñ 5-nji ýyl talyby.