JEMGYÝET

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan dutarçy bagşy-sazandalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

  • Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Mähri Muhammetnazarowa;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Baýramgeldi Atadurdyýew;
  • Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň saz mugallymçylygy bölüminiň mugallymy Bagtyýar  Täçdurdyýew;
  • Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Jumaguly Ataýew;
  • Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň mugallymy Gülbahar Bagşyýewa;
  • Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Gurbanmyrat Hojamgulyýew;
  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher çagalar sungat mekdebiniň milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Sahydursun Mätiýewa;
  • Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň dutarçylyk hünäriniň 4-nji talyby Dawut Gulbaýew;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby Dünýägözel Durdyýewa;
  • Çagyryş boýunça harby gullukçy Bezirgen Kakaýew;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby Akjemal Halmyradowa;
  • Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Halaç etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Mergen Astanow;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby Kerim Pirnepesow;
  • Mary welaýatynyň Mary etrap medeniýet bölüminiň Diýar geňeşligindäki oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Söhbet Çopanow. 

Halk sazandalarynyň we bagşylarynyň döredijilik bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky türkmenistanlylaryň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Arkadag we Aşgabat şäherinden bagşy sazandalar gatnaşdy.

Bäsleşigiň netijesi boýunça ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyry we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Klimow: Waşingtondaky sammit Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň täze eýýamyny görkezýär

ABŞ-nyň daşary işler ministri geljek ýyl Merkezi Aziýada saparda bolar

Milli Liderimiz: çagalaryň hiç biri hossarsyz däl, olaryň arkasynda dag ýaly döwleti durandyr

Ata Watan Eserleri

O.Atabaýewa: gaznanyň hasabyna 700-den gowrak çaga operasiýalar geçiriler

Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasy Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberer

«Arkadag» – «Al-Ahli»: 1-1 deňme-deň tamamlandy