PEÝDALY MASLAHAT

Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige aldyrmak barada maglumat

Çaganyň dogluşy nähili tertipde döwlet tarapyndan bellige alynýar?

Bu soragyň jogaby Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenişine görä, çaganyň dogluşynyň fakty RÝNÝ edarasynda bellenilen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.

Çaganyň dogluşynyň faktyny tassyklaýan şu aşakdaky resminamalardan biriniň bolmagy çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin esas bolup durýar:

1) çaganyň dogluşy hakynda, dogluşyň bolup geçen lukmançylyk edarasy tarapyndan berlen, bellenilen görnüşdäki resminama;

2) çaga doglanda lukmançylyk edarasyndan daşarda lukmançylyk kömegini beren işgäriň işleýän ýa-da çaganyň ejesiniň çaga doglandan soňýüz tutan lukmançylyk edarasy tarapyndan berlen, çaganyň doglandygy hakynda resminama;

3) çaga lukmançylyk edarasyndan başga ýerde doglanda (lukmançylyk kömegi berilmedik) çaga doglan wagty ýanynda bolan adamyň arzasy.

Çaganyň doglan gününden bir aýdan gijä galman çaganyň doglan ýerindäki ýa-da onuň ata-enesiniň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasyna ýazmaça görnüşde arza berilýär.

On alty ýaşyna ýeten çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak kazyýetiň çözgüdi esasynda geçirilýär.

 

Pasport almak üçin haýsy edara ýüz tutmaly?

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna

Bir aýakda durmak synagy: Deňagramlylyk, ýykylyş howpy we ömür dowamlylygy bilen baglanyşykly möhüm görkeziji

Eliň gysyş güýji synagy: Umumy saglyk we ömür dowamlylygyny görkezýän möhüm ölçeg

Sitting–Rising testi: Adamyň biologiki ýaşyny we saglyk ýagdaýyny görkezýän ýönekeý synag

Ýöreme tizligi synagy: Adamyň saglygy we ömür dowamlylygy barada möhüm görkeziji

Türkmenistanda 26-njy ýanwar -1-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty