SIZDEN GELENLER

Çagalaryň saglygy – iň uly gymmatlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda döwrebap lukmançylyk edaralaryny, saglygy goraýyş merkezlerini gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Röwşen geljegimiz bolan çagalar baradaky alada halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine hem-de halkara kadalara laýyklykda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Çünki, bagtyýar çagalygyň Watany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär. Garaşsyz Türkmenistanda geljegimiz bolan çagalaryň we ýaşlaryň saglygy we abadançylygy ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde iň gowy şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, çagalaryň bagtyýar bolmagy, hemişe çaga gülküsiniň ýaňlanyp durmagy biziň esasy wezipämizdir. Bu ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze enjamlar bilen işlemek, olary dolandyrjak hünärmenleri taýýarlamak meselelerine hem ünsi çekdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda geljegimiz bolan çagalarymyzyň berk bedenli bolmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi babatda toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi. Täze gurulýan saglyk merkezinde sanly tehnologiýalar, emeli aňyň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylar. Bu bolsa lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün eder hem-de keselleri anyklamagyň, onuň bejeriş ugurlaryny kesgitlemegiň möhletini gysgaltmaga ýardam berer.

 Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan işleriň barha rowaçlanmagy ynsanperwer ýörelgeleriň döwlet syýasaty derejesinde giň gerim alýandygyndan nyşandyr.

Gaznanyň maliýe serişdelerinden çagalara lukmançylyk we bilim hyzmatlary berilýär, olara doly derejeli dynç almak üçin mümkinçilikler döredilýär, howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda zerur operasiýalary geçirmek üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär. Çagalarda ýürek-damar, ortopedik we beýleki birnäçe keseller boýunça barlaglar, bejergiler alnyp barylýar, saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirilýär, saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilýär.

Şeýle hem lukmançylyk hyzmatlaryny tölemäge we çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde hem-de mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagyna gönükdirilýär. Gazna tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine ýörite enjamlar toplumy bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglaryny bölüp bermek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi parahat döwletimizi bagtyýar çagalygyň ýurduna öwürmek ugrundaky asylly başlangyçlardyr.

Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwerlik kömegi ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli orny eýeleýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ukraina döwletiniň, Owganystanyň, Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri berildi. Munuň özi türkmen halkyna mahsus asylly ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyz hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň, kömege mätäje ýardam bermegiň, howandarlygyň belent nusgasyny görkezýärler. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döredip, onuň işini has-da ilerletmek babatda durmuşa geçirilýän işler halky adamkärçilige, ynsanperwerlige çagyrýandygy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu gün türkmen jemgyýetinde birek-biregi goldamak ýörelgesi agzybirligiň we merdanalygyň, gaýratlylygyň binýady bolup, halkymyzy Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşdirýär.

Aýsenem Amanmämmedowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti. 

Ýene-de okaň

Dil öwrenmek-asylly ýörelge

Dil bilmek ylymlaryň açarydyr

Ata Watan Eserleri

Pedagogika we psihologiýanyň ähmiýeti

Türkmen ýaşlarynyň ylmyň ösüşindäki orny

Goşa mukaddesligiň belent sarpasy

Parahatçylyk – geljegiň rowaçlygy