JEMGYÝET

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

“Makul sözlük” Applikasiýasy täzelendi. Siz indi täzelenen Applikasiýada Çagalar üçin ýörite taýýarlanan “Suratly sözlük” we “Oýunly sözlük” bölümlerini “offline” görnüşde hem ulanyp bilersiňiz. Mundan beýläk çagalar internet bolmazdan hem “suratly sözlük” we “oýunly sözlük” bölümlerini ulanyp bilerler we suratlaryň üsti bilen iňlis dilini has gyzykly we aňsat özleşdirerler!

Has golaý wagtda  “Makul Sözlük Applikasiýasy” ýene-de täzelener we 700 sany durmuşda iň köp ulanylýan sözlemleri sesli we ýazmaça özünde jemleýän “Makul Sözlem” bölümi şeýle hem 700 sany nusga bilen Iňlis dilinde sözlem düzmegiň aýratynlyklaryny gyzykly öwredýän “ Sözlemli oýun” bölümleri hem “offline” görnüşde hem ulanmaga mümkinçilik dörediler.

Android ulgamynda işleýän Täzelenen “Makul Sözlük Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

Eýsem “Makul Sözlügiň” nähili aýratynlygy bar:

  • Jemi 15 müňden gowrak Iňlis we Türkmen dilinde söz bar. Bu sözleri “offline” görnüşde hem ulanyp bilersiňiz!
  • Jemi 40 müňden gowrak Türkmen we Iňlis dillerindäki sözler sesli görnüşde hem berilýär.
  • Sözleri sesli “gözleg” mümkinçilikleri bar.
  • Her gün täzelenýän “Makul Krossword” bilen Iňlis diliňizi has baýlaşdyryň!
  • Her gün 5 söz Applikasiýaňyza gelsin we söz baýlygyňyzy artdyryň!
  • “Makul Puzzle” Size gyzykly wagt geçirmek üçin goşmaça bölüm!
  • Jemi 700 sözlemi sesli we ýazmaça öwreniň, durmuşda iň köp ulanylýan sözlemler bilen Iňlis dilini öwreniň!
  • “Makul Sözlem” bölümini oýunly sözlem bölümi bilen bilelikde özleşdiriň we Iňlis dilinde sözlem düzmegiň aýratynlyklaryny öwreniň! “Makul sözlem” bölümi jemi 4300 sözden ybarat bolup, Iňlis dilini orta derejede öwrenmek üçin bu bölüm Size ýeterlik bolar!
  • Siz kompýuteriňizdäki internet saýtlaryndan haýsyda bolsa birinde Iňlis dilindäki bir habary, makalany we kitaby okaýan bolsaňyz we Size tanyş bolmaýan bir söz bar bolsa, onda Siz şol sözüň üstüne gelip syçanjygyň (mouse) çep gulagyna 2 gezek bassaňyz, “Makul Sözlük” size şol sözüň türkmen dilindäki terjimesini getirip berer.

Suratly we oýunly Sözlügiň käbir aýratynlyklary:

Intellektual telekeçilik başlangyjyndan ugur alnyp taýýarlanylan “Suratly sözlük” jemi 375 sany Türkmen we Iňlis dilindäki iň köp ulanylýan sözleri özünde jemleýär. Suratly sözlük üçin sözler saýlanyp alynanda çagalar üçin ilkinji nobatda bilinäýmeli sözler saýlandy.

Her birinde 25 söz bolan jemi 15 toparda berilen Sözleri gyzykly özleşdiren çagalarymyz Iňlis dilinde ilkinji basgançaklary aňsatlyk bilen geçer.

Adam organlary (mysal üçin, el, aýak, kelle, saç…)

Antonimler (mysal üçin, sowuk, yssy, semiz, inçe…)

Binalar (mysal üçin, awtobus duralgasy, teatr, muzeý..)

Döwürler we reňkler (mysal üçin, duşenbe, ak, gara…)

Esbaplar (mysal üçin, ýelim, galam, çyzgyç…)

Haýwanlar (mysal üçin, at, düýe, it..)

Hünärler (mysal üçin, mugallym, lukman, ..)

Işlikler (mysal üçin, ylgamak, ýöremek, ýazmak..)

Iýmitler (mysal üçin, bal, un, tüwi…)

Miweler we gök bakja (mysal üçin, armyt, alma, .)

Öý (mysal üçin, haly, käse, çemçe…)

Sanlar we şekiller (mysal üçin, bäş, üçburçlyk…)

Sypatlar (mysal üçin, begençli, utanjaň, jomart..)

Tebigat (mysal üçin,ýyldyz, ýaprak, tokaý…)

Ulaglar (mysal üçin,uçar, otly, gaýyk..)

Eýsem, Suratly Sözlükden nähili peýdalanmaly? Siz ýokaryda berilen bölümler boýunça haýsy ulgama degişli sözleri suratly öwrenmek isleýän bolsaňyz, onda, şol bölümi saýlamaly! Mysal üçin iýmitler bölümini saýlap alsaňyz, Size şol bölüme degişli suratlar, nobatma-nobat geler. Şonda  şol  söze degişli surat, agzalan sözüň Iňlis we türkmen dilindäki ýazylyşy we seslendirilişi bilen geler. Bu bolsa, çagalaryň sözleri aňsatlyk bilen öwrenmegine uly goşant goşar!

Suratlar talyp Ýazgül Begniýazowa tarapyndan “Makul Sözlük” üçin çekilen suratlar bolup, ähli awtorlyk hukuklary “Makul Sözlüge” degişlidir.

Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin esasy platformlaryň birine öwrülip barýan “Makul Sözlügiň” ýene bir aýratynlygyny Size ýetirmek isleýäris.  “Makul Sözlük” çagalar üçin täze bölümi-“Oýunly Sözlügi” taýýarlady.

Ýadyňyzda bolsa ýaňy-ýakynda “Suratly sözlük” bölümini Size ýetiripdik. Şonda 375 sany  Türkmen we Iňlis dilindäki söz-Suratly we sesli görnüşde, şeýle hem ýazmaça görnüşde saýta ýerleşdirilipdi.

Mähriban Çagalar! Siz indi saýlanan 375 sözi has gyzykly öwrenip bilersiňiz!

Bu bölümde, bir topara degişli suratlar, iki-ikiden gelýär. Mysal üçin, “Camel” sözi sesli we ýazmaça görnüşde berilýär  we  bu söz bilen bilelikde, Atyň we Düýäniň suratlary berilýär. Çagalar bolsa,  “Camel” sözüniň “Atmy” ýa-da “Düýäniň” Iňlis dilindäki terjimesi bolup durýandygyny biljek bolmaly! Eger çagalar, “Camel” sözi berilýän wagty, “Atyň” suratyna saýlasa, onda, jogap ýalňyş manysyna gelýän ( X) ekrana geler, eger ulanyjy “Düýäni” saýlasa onda, jogap dogry manysyna gelýän şekil ekrana geler!

Şeýlelikde, çagalar “Suratly Sözlük” bölüminde öwrenen 375 esasy sözi “Oýunly Sözlük” bölüminiň üsti bilen has gyzykly özleşdirip bilerler!

Intellektual sahypamyz Siziň hyzmatyňyzda!

Intellektual Sahypamyz boýunça Bölümler aşakda berilýär we Siz gyzyklanýan bölümiňiz üçin şol bölümiň üstüne basyň!

Atavatan Krossword

Makul Puzzle

Makul Sözlem

Makul Krossword

Sözlemli oýun

Suratly Sözlük

Oýunly Sözlük

Makul Goşundy

 

 

“Oýunly Sözlük”: Iňlis dilini gyzykly öwreniň

 

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

 

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi