SPORT

CAFA Milletler kubogy: Türkmenistan – Gyrgyzystan duşuşygy 1:1 tamamlandy

Şu gün, 30-njy awgustda CAFA Milletler kubogynda milli ýygyndymyz ilkinji duşuşygynda Gyrgyzystanyň garşysyna meýdança çykdy. Oýnuň ilkinji minutlarynda Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy topa has köp erk etmegi başardy. Emma şondan soňra milli ýygyndylaryň ikisi hem garşylyklaýyn hüjümleri köp geçirdiler. Şeýle hüjümleriň birinde bolsa Mirza Beknazarowyň pasyna Wepa Jumaýew ýetişip oýnuň 43-nji minudynda hasaby açmagy başardy (0:1).

Gyrgyzystanyň milli ýygyndysyndan jogap goly gijikmedi. 45-nji minutda Gyrgyzystanyň düzüminden Kojo Joelu hasaby deňledi (1:1). Ondan soňra duşuşykda hasap açylmady. Oýnuň ikinji ýarymynda milli ýygyndymyz yzygider hüjümleri gurnasada hiç biri netije bermedi.

Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Röwşen Meredow 64-nji minutda D.Durdyýewiň ornuna M.Titowy şeýe-de A.Ataýewiň ornuna Y.Saparmämmedowy meýdança goýberdi. 79-njy minutda G.Annaýewiň ornuna A.Annadurdyýew, 90-njy minutda bolsa Ş.Tirkişowyň ornuna A.Sapargulyýew meýdança girdi. Emma, meýdança giren futbolçylaryň hiç biri hasaby artdyrmaga kömek edip bilmedi.

Netijede, toparlar bir utukdan paýlaşmaly boldular.

Duýduryşlar: 47 Kojo Joelu (Gyrgyzystan) – 58 Şanazar Tirkişow, 88 Abdy Bäşimow (Türkmenistan)

Milli ýygyndymyzyň indiki duşuşygy 2-nji sentýabrda ýer eýeleri Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen bolar. Duşuşyk sagat 19:30-da başlanar.

Ýene-de okaň

Fabio Kannawaro Özbegistanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolup biler

Döwletjan Ýagşymyradowa ýeňiş gazanmak başartmady

Özbegistan bilen Azerbaýjan 2027-nji ýylda dünýä çempionatyny kabul eder

FIFA 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň resmi topuny tanyşdyrdy

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar