DÜNÝÄ

Buzda durmak boýunça dünýä rekordy täzelendi

Fransiýaly Romen Wandendorp buzdan doly gapda uzak wagtlap durmak boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Ol buzly gurşawyň sowuklygyna 2 sagat 35 minut 33 sekunt çydap bildi.

Rekorda synanyşykda gabyň içindäki sowuklyk -18 gradusa çenli ýetdi. Bu ýagdaýa Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan gözegçilik edildi.

Dünýä metbugatynda berilýän habarlara görä, Romen Wendendorp iki ýyl bäri «Öz fiziologiýaň çäklerini giňeltmek» boýunça tälim alýar.

«Daşardan seredeniňde, buz kublaryndan doly gutuda adaty ýerde duran ýigit ýaly görünýäň, ýöne içimde köp zatlaryň bolup geçýändigini kepillendirip bilerin. Ilkinji sagatda özüme erk edip bilen hem bolsam, galan wagtda titremämi ýeňmek kyn düşdi» diýip, ol gapdan çykansoň gürrüň berdi.

Ol bu rekordyny düwnük keselinden ejir çekýän çagalara bagyşlady. Onuň kakasy we 4 ýaşly gyzy bu keselden ýogaldy.

Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, öňki rekord hytaýly Jin Sinçao degişli. Ol 2014-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda 1 sagat 53 minut buzda saklanyp bilipdi.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

Aşgabatda türk aşhanasynyň hepdeligi geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan BMG bilen ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanyda saparda bolar