Her ýylyň 5-nji oktýabry – Bütindünýä mugallymlar güni dünýäniň dürli künjeklerinde giňden bellenilip geçirilýär. Bu şanly sene BMG-niň 1994-nji ýylyň 5-nji oktýabryndaky Karary esasynda döredildi. Häzirki wagtda “Bütindünýä mugallymlar güni” dünýäniň 100-den gowrak döwletinde uly dabara bilen bellenilýär.
Bilim boýunça Durnukly ösüş Maksatnamasynyň 4-nji maksadynda bilim edaralarynda ýokary hilli bilimi üpjün etmek barada bellenilip geçilýär. Munuň özi hem, mugallymçylyk käriniň mertebesiniň örän ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bu günüň bellenilmeginiň esasy maksady bilim edaralarynda ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin irginsiz zähmet çekýän mugallymlaryň edýän işlerine minnetdarlyk hökmünde ýatlap geçmekden ybaratdyr. Şeýle şanly sene mynasybetli bütindünýäde mähriban halypalarymyzy begendirmek, mundan beýläk-de, höwesli zähmet çekmekleri üçin ýaş nesiller, ene-atalar tarapyndan gyzykly çäreler guralýar. Şeýle hem aýdym-sazly konsertler geçirilip, süýjüden-süýji gutlaglar aýdylýar.
Mugallymçylyk hakykatdan hem şahyr aýtmyşlaýyn “Dünýäde iň asylly kär” bolup, şonuň bilen birlikde örän jogapkärçilikli iş. Olar biz ýaşlary özleriniň gije-gündiz çekýän çäksiz zähmeti bilen beýik geljege taýýarlaýarka, bu şanly senede halypa mugallymlarymyzy sarpalamak we minnetdarlyk bildirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Baýramyňyz gutly bolsun, mähriban Halypalarymyz!
Mähri Baýramowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.