SPORT

Bütindünýä futbol güni Türkmenistanda giňden bellenildi

Şu gün, 25-nji maýda Türkmenistanda bütindünýä futbol güni bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan guralan baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli künjeginde guraldy. Bütindünýä futbol gününiň giňden bellenilmeginiň ýurdumyzda futboluň ösmegine oňyn şert döredýändigini bellemek gerek.

Baýramçylyk çäreleriniň, şu gün geçirilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň duşuşyklarynyň öňüsyrasynda hem öz beýanyny tapdy.

Ýeri gelende bellesek, 25-nji maýda dünýäniň ähli künjeginde futbol güni giň gerimde bellenilip geçilýär.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady