BIZNES

Bütindünýä banky : Tölegli maslahat hyzmatlary

Ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda geçirilen wideomaslahatda Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda «Tölegli maslahat hyzmatlary» atly ylalaşygyň çäklerindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň esasy ugurlaryna garaldy.

Soňky ýyllarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, döwletimiz ösüşiň täze derejesine çykdy we dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan halkara maliýe we ykdysady düzümleri, şol sanda Bütindünýä banky bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary giňeltdi.

Bu abraýly gurama bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk dürli ugurlar boýunça alnyp barylýar. Saglygy goraýyş, statistika, ulag ulgamlarynda, bank we maliýe toplumlary üçin hünärmenleri taýýarlamakda bilelikdäki maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Bellenilen ylalaşygyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar milli ykdysadyýetimizde, hususan-da, döwlete dahylly bolmadyk pudakda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, hususy maliýe edaralary, kiçi kärhanalar, ýurdumyzyň orta we iri kompaniýalary üçin maýa goýumlary gönükdirmegiň hem-de maslahat hyzmatlaryny bermegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, bu resminamanyň çäklerinde işewür ulgamdaky özgertmelere we bank düzümlerinde köpçülikleýin dolandyryş işlerine goldaw bermek, şeýle hem karz hasabat ulgamyny işläp taýýarlamaga ýardam bermek, makroykdysady statistikany berkitmek boýunça çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Olaryň amala aşyrylmagy hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, hususan-da, Türkmenistanyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň maliýeleşdirilmegine ýardam berer.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder