2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň agza döwletlerinde dokumental mirasy goramak we elýeterlilik baradaky geçen maslahatynyň netijesinde, Audiwizual mirasyň sanly görnüşde durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini bahalandyrmagyna mümkinçilik berýär. Bütindünýä audiowizual miras güni ÝUNESKO-nyň Konstitusiýasynda umumy mirasymyzyň we ýadymyzyň beýany hökmünde “söz ýa-da şekil arkaly erkin pikir akymyny” öňe sürmek barada açyp görkezýär. Şeýlelik bilen, Bütindünýä audiowizual miras güni adamlaryň aňynda parahatçylygy goramakda mirasyň roluna uly ünsi çekdi. Audiowizual arhiwler bize dünýäniň dürli ýerlerinden gelen adamlaryň we medeniýetleriň durmuş hekaýalaryny gürrüň berýär. Olar bahasyna ýetip bolmajak gymmatly bilim çeşmesine şaýatlyk edýän mirasy görkezýär. Jemgyýetleriň arasyndaky medeni we dil dürlüligini giňden açyp görkezýär. Audiowizual arhiwler, biziň ýaşaýan dünýämizi ösdürmegimize we düşünmegimize uly kömek edýär.
Audiowizual materiallar hekaýany, hakykaty we barlygy aýdyp biler. Olar, gatnaşyp bilmeýän wakalarymyzy synlamaga, geçmişimizdäki bolup geçenleri habar berýän gyzykly hekaýalary döretmegimize uly mümkinçilik berýän dünýä açylan penjiredir. Dünýä düşünmäge we jemgyýet bilen gatnaşyk saklamaga synanyşanymyzda audiowizual materiallar durmuşymyzda barha möhüm rol oýnaýar.
Bu gün dünýäniň käbir ýurtlarynda Bütindünýä audiowizual miras güni mynasybetli logo dizaýn bäsleşigi ýaly ýaryşlar geçirilýär. Mundan başga-da Milli film arhiwleriniň görkezilmegi, telewideniýe ýa-da radio tarapyndan bilelikde döredilen ýerli programmalar, tegelek stol maslahatlary, konferensiýalar we audiowizual resminamalary goramagyň ähmiýeti barada leksiýalar geçilýär.
Aýjahan HOMMYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.
